Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde “ARETI” (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory we hyzmatdaşy Endrýu Hruska, “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, “Legacy” maliýe kompaniýasynyň baş direktory, “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi.Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz iri halkara işewür düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär. “King&Spalding” hukuk kompaniýasynyň baş direktory we hyzmatdaşy Endrýu Hruska duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny tassyklap, döwlet Baştutanymyzy öz kärdeşleri hem-de dürli pudaklarda ýöriteleşen holdingleriň alyp barýan işleri we dünýäniň ençeme ýurtlarynda iş alyp barmakda toplan uly tejribeleri bilen tanyşdyrdy.

Milli ykdysadyýetiň görkezijileriniň sazlaşykly ösmeginiň, ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatynyň beýleki döwletler hem-de iri abraýly holdingler tarapyndan özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

Milli Liderimiz teklipleri üçin jenap Endrýu Hruska minnetdarlyk bildirip, şol teklipleriň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini nygtady hem-de türkmen tarapynyň hödürlenen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleriniň üstünde konsorsium bilen işe girişmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz taslamanyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, baglanyşdyryjy halka we hyzmatdaş hökmünde “ARETI” kompaniýasyny teklip etdi.Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk dürli taslamalarda 25 ýyldan gowrak wagt bäri amala aşyrylýar.

Onuň energetika pudagyndaky tejribesi hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlardaky abraýy Türkmenistanyň taslamada döwletimiziň bildirýän berk talaplaryna we garaýyşlaryna laýyklykda wekilçilik etmegine ynam döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz taslamany işläp düzmek we şertnamalaýyn resminamalary taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylara düzümine ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri girjek iş toparyny döretmegiň tabşyryljakdygyny belläp, nobatdaky duşuşykda bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.

Onlaýn duşuşygynyň dowamynda “Rizvi Traverse Management LLC” kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özüneçekiji maýa goýum ýagdaýyny döretmek üçin zerur bolan hukuk binýadyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça ýurtlara we halkara guramalaryna maslahat bermegiň köpýyllyk we üstünlikli tejribesine eýe bolan özüniň wekilçilik edýän kompaniýasynyň işi bilen tanşydyryp, Şweýsariýa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ählumumy maliýe institutlaryň konsorsiumynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalara maýa goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Milli Liderimiz hem-de işewürler birek-birege päk niýetli arzuwlaryny aýdyp, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti we halkara kompaniýalar maýa goýum meselesine garadylar
Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler
Özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk giňeldilýär
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi
Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler
Pulitser baýragyna mynasyp boldular