Özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk giňeldilýär

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde ARETI (Şweýsariýa) halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow, King&Spalding hukuk kompaniýasynyň baş direktory we hyzmatdaşy Endrýu Hruska, Rizvi Traverse Management LLC kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi, Legacy maliýe kompaniýasynyň baş direktory, ARETI halkara kompaniýalar toparynyň prezidentiniň geňeşçisi Ýewgeniý Frenkel bilen duşuşyk geçirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändikleri üçin işewürlere minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyz iri halkara işewür düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär.

Sebitde strategik orny eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelere örän baýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň ýurduň yzygiderli öňe hereket etmegini gazanmakdan, ykdysadyýeti we durmuş ulgamyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň hemmesini peýdalanmakdan, ähli ulgamlara iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdygyny nygtady.

Netijede, zehinli, zähmetsöýer türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini we derejesini durnukly ýokarlandyrmagy gazanmak maksat edinilýär.

Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagyny ösdürmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlary çekmek üçin maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, saglygy goraýyş, bilim, ylym we işewürlik ulgamlarynyň derejesiniň hil taýdan ösüşini üpjün etmek maksady bilen, täze maglumat tehnologiýalaryna maýa goýmak ýaly strategik ugurlar rowaçlygy gazanmagyň möhüm ýagdaýlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu günki duşuşyk hem-de ara alnyp maslahatlaşylmaga çykarylan meseleler amala aşyrylýan strategiýanyň bölegidir. Milli Liderimiz Türkmenistanda taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak üçin halkara maýadarlaryň konsorsiumynyň döredilmegi babatda gepleşikleriň başlanýandygyny goldap, işewürleriň ähli ugurlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Soňra çykyş eden ARETI halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow duşuşygyň guralandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç sözlerini aýtdy.

Milli Liderimiziň kakasy baradaky röwşen hakyda nurana ynsan, parasatly halypa hem-de ömrüni Watana wepaly gulluk etmäge bagyşlan hakyky watançy hökmünde onuň ähli ildeşleriniň ýüreklerinde hemişelik galar diýip, I.Makarow nygtady hem-de döwlet Baştutanymyza hem-de ýakynlaryna sabyr-kanagat we şu kyn döwürde ruhy durnuklylyk arzuw etdi.

Soňra King&Spalding hukuk kompaniýasynyň baş direktory we hyzmatdaşy Endrýu Hruska söz berildi. Ol ilki bilen öwezini dolup bolmajak agyr ýitgi – milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly, döwlet Baştutanymyza gynanç bildirdi.

Işewür özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän halkara işewür düzüminiň dünýäde jogapkärli we ygtybarly işewür hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin saýlanyp alynmagynyň uly hormatdygyny belledi.

Endrýu Hruska sözüni dowam edip, şu duşuşyga gatnaşýan kompaniýalaryň depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanmalaryny tassyklap, döwlet Baştutanymyzy öz kärdeşleri hem-de dürli pudaklarda ýöriteleşen holdingleriň alyp barýan işleri we dünýäniň ençeme ýurtlarynda iş alyp barmakda toplan uly tejribeleri bilen tanyşdyrdy.

Milli ykdysadyýetiň görkezijileriniň sazlaşykly ösmeginiň, ýurdumyzyň ägirt uly serişde kuwwatynyň beýleki döwletler hem-de iri abraýly holdingler tarapyndan özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam edýändigine aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe anyk teklipler beýan edildi.

Milli Liderimiz teklipleri üçin jenap Endrýu Hruska minnetdarlyk bildirip, şol teklipleriň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryna kybap gelýändigini nygtady hem-de türkmen tarapynyň hödürlenen taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň meseleleriniň üstünde konsorsium bilen işe girişmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz taslamanyň amala aşyrylmagyna ýardam bermek maksady bilen, baglanyşdyryjy halka we hyzmatdaş hökmünde ARETI kompaniýasyny teklip etdi.Bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk dürli taslamalarda 25 ýyldan gowrak wagt bäri amala aşyrylýar.

Onuň energetika pudagyndaky tejribesi hem-de ýurdumyzda we daşary ýurtlardaky abraýy Türkmenistanyň taslamada döwletimiziň bildirýän berk talaplaryna we garaýyşlaryna laýyklykda wekilçilik etmegine ynam döredýär diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Milli Liderimiz taslamany işläp düzmek we şertnamalaýyn resminamalary taýýarlamak üçin degişli ýolbaşçylara düzümine ugurdaş döwlet edaralarynyň wekilleri girjek iş toparyny döretmegiň tabşyryljakdygyny belläp, nobatdaky duşuşykda bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleriň kesgitleniljekdigini aýtdy.

Onlaýn duşuşygynyň dowamynda Rizvi Traverse Management LLC kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri we baş maýa goýum direktory Suhail Rizwi gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanç sözlerini beýan etdi.

Suhail Rizwi hormatly Prezidentimizi özüneçekiji maýa goýum ýagdaýyny döretmek üçin zerur bolan hukuk binýadyny ornaşdyrmagyň öňdebaryjy tejribesi boýunça ýurtlara we halkara guramalaryna maslahat bermegiň köpýyllyk we üstünlikli tejribesine eýe bolan özüniň wekilçilik edýän kompaniýasynyň işi bilen tanyşdyryp, Şweýsariýa tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän ählumumy maliýe institutlaryň konsorsiumynyň Türkmenistanda durmuşa geçirýän taslamalara maýa goýmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Kompaniýanyň ägirt uly uglewodorod gorlaryny özleşdirmek üçin täze düzümleri döretmek barada türkmen tarapynyň garaýyşlaryny tassyklaýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti nygtaldy. Munuň özi onuň durnukly ösüşiniň esasy şerti bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz beren maglumatlary üçin minnetdarlyk bildirip, ykdysadyýeti, maliýe we durmuş ulgamlaryny ösdürmekde peýdalanylyp bilinjek ýokary tehnologiýalar babatdaky ýokary hilli innowasion taslamalara ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwletiň degişli edaralaryna hödürlenen maglumatlary öwrenmek, taslamanyň her bir meselesini bilelikde ara alyp maslahatlaşmak we geçirilen işler boýunça netijenamany taýýarlamak tabşyrylar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz taraplaryň ara alnyp maslahatlaşylan taslamalara degişli meýillerini şu wideomaslahatyň teswirnamasynda bellige almagy teklip edip, bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki bilelikdäki hereketleriniň nobatdaky duşuşygyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Soňra Igor Makarow öz çykyşynda ýolbaşçylyk edýän işewürlik düzüminiň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna pul serişdelerini geçirmegi maksat edinýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli maksatlary üçin ARETI halkara kompaniýalar toparynyň ýoldbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň ýaş nesilleriň abadançylygy baradaky alada bolup durýandygyny belledi.

Wideoduşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly aýdan tüýs ýürekden duýgudaşlyk we goldaw sözleri üçin kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz hem-de işewürler birek-birege päk niýetli arzuwlaryny aýdyp, ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

The post Özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk giňeldilýär appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti we halkara kompaniýalar maýa goýum meselesine garadylar
Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi
Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler
Pulitser baýragyna mynasyp boldular