Biti aýyrmagyň iň ýeňil we netijeli usullary

Biti aýyrmagyň iň ýeňil we netijeli usullary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda size biti aýyrmagyň iň ýeňil we netijeli usullary hakynda maglumat bermek isleýäris.

Sirke

Ak sirke, bitiň aýrylmagy üçin iň netijeli elementlerden biridir.

Deň mukdardaky ak sirke bilen suwy bir gaba guýup, garyň. Ergini saça we kelle derisine çalyp, 1-2 sagat garaşyň. Son maýda dişli darak bilen saçyňyzy darap, öli bitleri aýyryň. Soň bolsa saçyňyzy şampunlap, ýuwuň we durulaň.

Wazelin

Gerek bolan önümler:

Wazelin

Maýda dişli darak

Şampun

Ediliş usuly: Bol mukdarda wazelini alyp, saçyň düýbüne çalyň. 1 sagat garaşyň we maýda dişli darak bilen daraň. Son bolsa saçyňyzy şampun bilen ýuwup, durulaň.

Ýag ergini

Gerek bolan önümler:

5 damja okaliptus ýagy

5 damja rozmari ýagy

5 damja zeýtun ýagy

Taýýarlanyş usuly: Ýaglary garyp, saçyňyza çalyň. Massaž edip, 1 sagat garaşyň we soň maýda dişli darak bilen daraň.

Mundan başga-da narpyz we zeýtun ýagy bilen alma sirkesini goşup çalmak hem biti aýyrmak üçin peýdalydyr.

Zeýtun ýagy

İlki bilen zeýtun ýagyny gyzdyryp, 1 nahar çemçesi limon suwy goşuň. Ergini saça we saçyň derisine çalyp, bir gije garaşyň. Soň maýda dişli darak bilen saçyňyzy darap, öli bitleri aýyryň. Soň bolsa saçyňyzy şampun bilen ýuwup, durulaň.

Kokos

Saçyňyzy birnäçe bölege bölüp, kokos ýagyny çalyp, 15-20 minut garaşyň. Soň bolsa saçyňyzy maýda dişli darak bilen daraň. Şampun bilen ýuwup, durulaň.

Zeýtun we kokos ýagy

İlki bilen zeýtun we kokos ýagyny goşup, ergin taýýarlaň. Şol ergin bilen saçyňzy ýuwandan, soň alma sirkesini çalyp, maýda dişli darak bilen daraň. Bitiň ýumurtgasynyň ömri 1-5 hepde arasynda üýtgeýär. Şol sebäpli bitden doly halas bolýançaňyz şol erginden peýdalanyň.

Alma sirkesi we çitçiti

Kiçi bir gabyň içine 2 käse suw (500 ml.) guýup, gaýnadyň. Suw gaýnandan soň içine 1 nahar çemçesi gury çitçiti goşuň we 5 minut gaýnadyň. Sowaýança garaşyň we bir banka guýup, ergin taýýarlamaly.

Soň eger mümkin bolsa, öýde taýýarlanan sirke bilen ýa-da alma sirkesini suwa goşup, kelläniň derisine massaj etmeli. Sirkäni saçyň ähli ýerine çalmaly. Çitçiti otunyň ergini ýarym sagat saçda durmaly we soň saçy durulamaly. Bu erginden hepdede bir gezek peýdalanmak maslahat berilýär.

Sarymsak

10 diş sarymsagy döwüp, 3 nahar çemçesi limon suwy bilen garyň. Sarymsaklar gowy eremeli. Goýulaşan ergini saçagyňyza we kelläňizi çalyp, 30 minut garaşmaly. Soň maýda dişli darak bilen darap, öli bitleri aýyrmaly.

Aloe Wera geli

Aloe Wera gelini kelläňize çalyp, baş geýim bilen ýapyň. Saçyňyz guraýança garaşyň, soň alma sirkesi bilen bilelikde daraň.

Bit şampuny

Eger saçyňyzdaky bit köp däl bolsa, dermanhanadan size iň amatly bit şampunyny alyp ulanmagy maslahat berýäris.

Ýene degişli makalalar

Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Bossan Concept 8-nji Mart üçin bezeg wazalarynyň toplumyny hödürleýär
Polisiýa paýtagty köne ulaglardan arassalaýar’
Aşgabat: Ulaglarda alajalary asmak gadagan edildi
Aşgabatda goýy reňkli ulaglar awlanýar’; ak reňke boýamak talap edilýär
Daşoguz: Prokuratura işgärlerine gymmatbaha ulaglary sürmek dilden gadagan edildi