Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary

Dodak Jaýrylmasy we Onuň Bejergi Usullary

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda dodak jaýrylmasy we onuň bejergi usullary hakynda käbir maslahatlary dykgatyňyza ýetirmekçi.

Şeker

Bir datly çemçesi şeker bilen bir datly çemçesi baly goşup, dodaklaryňyza çalyň we bäş minut garaşyň. Soň ýyly suw bilen dodaklaryňyzy ýuwuň.

Bal

Sap baly barmaklaryňyz bilen dodaklaryňyza çalyň we 15 minut garaşyň. Günde 2-3 gezek çalmak maslahat berilýär.

Hedede 3-4 gezek gatlanjak usul bilen dodak jaýrylmasynyň öňüni alyp bilersiňiz.

Hyýar

Hyýar hem dodaklaryňyzy gerek bolan çyglylyk bilen üpjün edip, ony gowulandyrar. Hyýaryň çygly tarapyny dodaklaryňyza çalyp, 15-20 minut soň dodaklaryňyzy arassalaň.

Hyýaryň beýleki bir ulanylyş görnüşi bolsa şeýle;

Ilki hyýary gabygy bilen bilelikde gyraň. Gyralan hyýary dodaklaryňyza ýapşdyryň we azyndan 20 minut garaşyň. Soň sowuk suw bilen dodaklaryňyzy ýuwuň.

Badam:

Badamly dodak pilingi üçin bir käsäni 1 çaý çemçesi ezilen badam salyp, üstüne ýarym çaý çemçesi şeker we 1 çaý kaşygy bal goşuň. Taýarlanan ergini dodagyňyza çalyp, 2 minut soň ýuwuň.

Gatyk we künji maskasy:

Gerek bolan önümler

1 datly çemçesi gatyk

1 datly çemçesi künji ýagy

Bir kâsede gatyk bilen künji ýagyny garyň. Soň ony dodaklaryňyza gowuja çalyň. Birnäçe minut soň bolsa sowuk suw bilen ýuwuň.

Bu maskadan hepdede bir gezek peýdalanmak maslahat berilýär.

Zeýtun ýagy

Her gije ýatmazdan ozal dodaklaryňyza zeýtun ýagyny çalmak, sizi jaýrylan dodaklardan halas eder.

Aloe wera

Kesilen aloe weranyň ýapragynyň içinde çykan geli dodaklaryňyza gije ýatmazdan ozal çalmak maslahat berilýär.

Kokos ýagy

Gaty kokos ýagy jaýrylan dodaklara çalmak ýeterlik bolar.

Süýt we gül ýapraklary

Bir käse ýyly süýdüň içine bir owuç gül ýapragyny goşuň we ýarym sagat demine goýuň. Soň gülüň ýapraklaryny süýtden çykaryp, ýassy görnüşli gül ýapraklaryny ýatmazdan ozal dodaklaryňza çalyň.

Duzly suw

Duzly suw ýaranyň arassalygyny üpjün edýär. ŞEýlelikde ýaranyň çalt bitmegi üçin peýdaly. Bir käse ýyly suwa bir çorba çemçesi duz goşuň. Gowuja bulandan soň pagta ýa-da mata bölejigi bilen dodaklaryňza çalyň.

Suw

Dodaklarňyzyň çyglylygyny gorap saklamak üçin kadaly suw içmegi ýatdan çykarman. Günde 8-10 stakan suw içip, bedene gerek bolan suw mukdary üpjün edilýar. Şeýlelikde dodaklaryňyzyň jaýrylmagynyň öňüni alarsyňyz.

Ýene degişli makalalar

Saç goňagy we onuň tebigy bejergi usullary
Agyz ýaralaryna we ýaralara tebigy çözgüt teklipleri
PKK/ÝPG-li 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Milli Howpsuzlyk gullugy DAIŞ-iň jogapkär ýolbaşçylaryndan Abdullah al Jündini Siriýada tussag etdi