Ysraýyl Düýn Gije Ýene-de Onlarça Palestinalyny Öldürdi

Ysraýyl Düýn Gije Ýene-de Onlarça Palestinalyny Öldürdi

Ysraýylyň harby goşunynyň basyp alyşlyk astyndaky Gaza Sektoryna garşy düýn gije guran hüjümlerinde zenanlar we çagalar bilen birlikde onlarça palestinaly öldürildi.

Palestinanyň resmi habarlar gullugy WAFA-nyň berýän habaryna görä, Ysraýyl hüjümleriň 155-nji gününde Gaza Sektoryna garşy howadan, gury ýerden we deňizden guraýan hüjümlerini dowam etdirdi.

Ysraýylyň Jibaliýa bosgun düşelgesine guran hüjüminde çagalar bilen birlikde 9 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

Deýr Al Belah etrapçasyna guralan hüjümde bolsa azyndan 5 adam öldürildi.

Gaza Sektorynyň günortasynda ýerleşýän Han Ýunusa guralan hüjümde hem palestinalylaryň ýaşaýyş jaýlary nyşana alyndy.

Hüjümde çagalar we zenanlar bilen birlikde azyndan 23 adam ýogaldy, köp sanly adam ýaralandy.

Ysraýylyň Gazanyň Zeýtun etrapçasynda azyk kömegini almak bilen garaşýan palestinalylara guran hüjüminde bolsa azyndan 20 adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Genosid jenaýatçysy Ysraýyl Gazada asuda ilata hüjüm guramaga dowam edýär
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýene-de iki palestinaly ýogaldy
Ysraýyl Gazada 3 adamy öldürdi
Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde biri çaga 6 adam ýogaldy
Ysraýylyň Gaza garşy guran soňky hüjümlerinde ýene-de azyndan 10 çaga ýogaldy
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi