Terrorçy Emine Seýid Ahmed Täsirsiz Ýagdaýa Getirild

Terrorçy Emine Seýid Ahmed Täsirsiz Ýagdaýa Getirild

Milli howpsuzlyk gullugy, terror guramasy ÝPG/ÝPŽ-niň ýolbaşçylaryndan siriýaly “Azadi Derik” lakamly terrorçy Emine Seýid Ahmedi, Kamyşly etrapçasynda geçiren operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Howpsuzlyk güýçlerinden berlen beýannama görä, 2011-nji ýylda terror guramasynyň hataryna goşulan we howpsuzlyk güýçlerine garşy guralan hüjümleriň jogapkäri bolan Ahmed yzarlanmaga başlandy.

“Azadi Derik” lakamly terrorçy Emine Seýid Ahmedi, Kamyşly etrapçasynda geçireln operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrorçy Ahmediň Tel Rifatdan “Zeýtun Şahasy” operasiýasy zolagyndaky türk howpsuzlyk güýçlerine garşy raketa hüjüminiň guralmagy üçin görkezme berendigi nygtaldy.

Terrorçynyň şeýle hem Kilisde asuda ilata garşy raketa hüjüminiň guralmagy üçin görkezme berendigi anyklandy.

Ýene degişli makalalar

PKK/ÝPG-li 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Azerbaýjanyň hususy kompaniýalary Türkmenistana maýa goýmaga taýýardyklaryny mälim etdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Siriýa Guramagy Meýilleşdirilýän Guryýer Operasiýasy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Penje Gylyç Howa Operasiýasy"