“Bizi Ünsden Düşürmäň”

“Bizi Ünsden Düşürmäň”

İsmail Demir paýtagt Ankarada guralan 4-nji Harby radar we Serhet howpsuzlygy maslahatynda çykyş etdi.

Türkiýäniň serhet howpsuzlygy taýdan esasy ýurtlardan biridigini beýan eden Demir; “Bu çäkde irki habar beriş radar ulgamynyň täze önümi bolan “Ýokary bolmadyk belentliklerdki radar ulgamy taslamasynyň ilkinji önümini ýakyn gelejekde inwentara goşarys” diýdi.

Eksport boýunça geçirilýän gepleşiklerde birnäçe ýurduň esasy ileri tutýan ugurlaryndan birinin serhet howpsuzlygydygyny nygtan Demir; “Käbir ýurtlarda olaryň belkem ýadyna hem düşmejek tehnologik we giň gerimli çözgütleri hödürläris” diýdi.

Demir; “Ýakyn gelejekde uçarmansyz harby uçarymyz “Gyzylalma ilkinji uçuşyny amala aşyrypdy.Milli söweşjeň uçar hangardan çykdy, “Hüržet” tälim uçary”, “Atak-2” dik uçar we “Aka-3” uçarmansyz howa ulagy tanyşdyryldy. Ýaragly uçarmansyz howa ulagy “Baýraktar TB3” hem Anadoly gämisinde operasiýa guramak üçin peýdalanylýar.

Bu bilinýän täzelikleriň ýany bilen bilinmeýän we täze habarlarymyzyň boljakdygyny nygtasym gelýär. “Ýakyn günlerde bizi ünsden düşürmäň” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Baýkar Ukrainada uçarmansyz howa ulagyny öndürýän zawod gurýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkmenistan goranmak pudagynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi nazarlaýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Baýraktar TB3 Uçuş Synagyny Üstünlik Bilen Geçdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Azerbaýjan, Baýraktar TB2-ler Bilen Harby Türgenleşik Geçird