Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ankarada Saparda Bolýar

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuş, Türk dünýäsiniň köp merkezli dünýäde parlaýan ýyldyz bolup biljekdigini aýtdy.

Numan Kurtulmuş, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen paýtagt Ankarada bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Dünýäde mundan soň köp merkezli hatda köp medeniýetli dünýäniň guruljakdygynyň äşgärdigini aýdan Numan Kurtulmuş, “Türk dünýäsi köp merkezli dünýäniň parlaýan ýyldyzy bolmak mümkinçiligine eýe”diýdi.

TBMM-niň Başlygy Kurtulmuş, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda mukdarynyň artdyrylmagyny maksat edinýändiklerini belledi.

Numan Kurtulmuş, “Türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegi özara gatnaşyklarymyzyň pugtalandyrylmagy taýdan diýseň möhüm” diýdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, Prezident R. T. Erdogan tarapyndan hem kabul edildi.

Prezidentiň Kompleksinde bolan kabul edilşik metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.

Kabul edilşige TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuş hem gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Burhanettin Duran: Türkiye hemişe parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapdary boldy
Mahmud Abbas Ertir Ankara Geler
Mahmud Abbas Şu Gün Ankara Geler
Prezident Erdogan Palestinanyň Prezidenti Abbas Bilen Duşuşdy
"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
“Gaza, soň bolsa paýtagtymyz Iýerusalime giderin”