Burhanettin Duran: Türkiye hemişe parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapdary boldy

Burhanettin Duran: Türkiye hemişe parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapdary boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Burhanettin Duran Türkiyäniň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda krizisleri çözmek üçin tagallalary ileri tutmaga dowam etdirýändigini aýtdy we ýurduň parahatçylyga we durnuklylyga ygrarlydygyny nygtady.

Burhanettin Duran: “Prezidentimiz hormatly Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygynda Türkiye bu kyn döwürde sebitleýin durnuklylygy ornaşdyrmak we milletimiziň parahatçylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin tutanýerli ädimler etmegini dowam etdirýär” diýip belledi.

Duran: "Biziň milli senamyz 'Gorkma' sözi bilen başlaýar; şonuň üçin taryhymyzdan alýan ylhamymyz we güýç bilen ýurdumyza howp salýanlara garşy tutanýerli ýagdaýda dik durmagymyzy dowam etdirýäris" diýdi.

Burhanettin Duran NSosyal sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Prezident Erdoganyň dünýä liderleri bilen diplomatik gatnaşyklarynyň suratlaryny we Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki toparynyň ýygnagyndaky çykyşyndan bölekleri paýlaşdy.

Duran: "Biz hemişe ýurdumyzda we dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapdary bolduk" diýip belledi.

Türkiyäniň howplara garşy tutanýerlilik bilen durmagyny dowam etdirjekdigini ýene-de bir gezek nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkiye Ysraýyly baýram günlerinde Aksa metjidinde ybadat edýänlere hüjüm edendigi üçin ýazgardy
Türkiye, Prezident Erdogana garşy aýdan sözleri sebäpli Netanýahuny ýazgardy
Somaliniň Prezidenti Türkiýede saparda bolýar
Türkiyäniň Prezidenti Erdogan şu hepde Saud Arabystanyna we Müsüre sapar gurar
Prezident Erdogan Aşgabatda rus kärdeşi Putin bilen duşuşdy
Türkiye Ysraýyl tarapyndan tussag edilen CNN Türk toparynyň dessine boşadylmagyny talap etdi