Blinken, Azyk Ýetmezçiligi Meselesinde Putini Günäkärledi

Blinken, Azyk Ýetmezçiligi Meselesinde Putini Günäkärledi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putini, Ukrainanyň oba hojalyk önümleriniň eksportyny Günbatara garşy “şantaž” hökmünde ulanmakda günäkärledi.

Blinken, paýtagt Waşingtonda azyk howpsyzlygy meselesinde geçirlen maslahatda, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli oba hojalyk önümleri meselesinde başdan geçirilýän kynçylyklar hakynda durup geçdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Ukrainanyň Odessa şäherindäki portda garaşýan gämilerde 20 million tonna bugdaýyň bardygyny aýtdy.

Russiýanyň oba hojalyk önümlerininiň eksportyny bökdemek bilen diňe Ukrainanyň däl eýsem beýleki ýurtlaryň hem açlyga we gam-gussa sezewar bolýandygyna göz ýetirmelidigini aýdan Blinken, “Prezident Putiniň bilkastlaýyn hereket edýändigini we azyk önümleriniň eksportyny bökdeýändigini bilýäris. Putin dünýäniň özüne, soň bolsa sanksiýalara boýun egmegine garşýar. Başgaça aýdanymyzda hemle atýar” diýdi.

Azyk krizisiniň esasan Afrika ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirýändigine ünsi çeken ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, “Prezident Putiniň dogry ýoly saýlap salmagyna garaşýarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

“Eýran, Sebitiň Durnuklylygyny Bozýar”
ABŞ, Prezident Erdoganyň, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklamagyna Kanagatlanma Bildirdi
“ABŞ Bilen Ysraýylyň Arasynda Söweş Meselesindäki Garaýyş Tapawutlylygy Çuňlaşýarmy?”
Blinken DEAŞ-yň Henizem Hakyky Howp Bolup Durýandygyny Aýtdy
ABŞ, Rafaha Guraljak Gury Ýer Operasiýasyna Garşy
Türk metbugatynyň gygaça mazmuny
Türkiyäniň Daşary işler ministri ABŞ-da saparda bolýar