Blinken Gallant Bilen Duşuşdy

Blinken Gallant Bilen Duşuşdy

Duşuşykda Gazada hüjümleriň bes edilmegi we Liwan bilen başdan geçirilýän dartgynlyk hakynda pikir alyşyldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berilen beýannama görä Blinken Waşingtona sapara baran Ysraýylyň Goranmak ministri Gallant bilen duşuşdy.

Gallant bilen Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşan Blinken, Liwan bilen dartgynlygyň mundan artyk möwç almazlygynyň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.

Blinken Gazadaky ynsanperwer kömek işgärlerinin goralmagy we sebite ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin tagallalaryň depgininiň güýçlendirilmelidigini nygtady.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginden berilen beýannama görä bolsa Gallant duşuşykda Liwan bilen dowam edýän dartgynlykda ABŞ-nyň Ysraýyly goldamalydygyny beýan etdi.

Gallant ýesirler meselesinde Hamasa edilýän gysyşyň artdyrylmalydygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ bilen Saud Arabystany Gaza meselerini ara alyp maslahatlaşdy
Ysraýyl Ylalaşyga Garamazdan Liwana Hüjüm Gurady
Ysraýyl tarapyndan öldürilen Hizbullanyň liderini hatyralamak üçin jemlenşdiler
Ysraýylyň Premýer-ministri Netanýahu ABŞ-na Gitdi
Tramp: Palestinalylaryň Gaza dolanmaga hukugy ýok
Türkmen hökümetiniň goňşy Eýrandaky hüjümler barada dymmagy ilatda howatyrlanma döredýär
Daşoguzda ýagan ýagyş adamlary 'uly zaýana goýdy', "Watan" habary ýaşyrýar