Bloomberg: Google-iň işgärleri aprel aýynda ofise gaýdyp bararlar

Bloomberg: Google-iň işgärleri aprel aýynda ofise gaýdyp bararlar

Alphabet korporasiýasyna degişli bolan Google kompaniýasy aprel aýyndan başlap işgärlerini ofise getirmek kararyna geldi. Bu barada kompaniýanyň işgärlerine iberilen hata salgylanyp, Bloomberg agentligi habar berdi. Muny TASS ýetirýär.

Agentligiň bellemegine görä, Google San-Fransisko aýlagynyň töweregindäki işgärlerden aprel aýyndan başlap hepdede üç gün ofise işe çykmagyny soraýar. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, kompaniýa koronawirus bilen keselleme hadysasynyň sany azalandan soň şeýle karara geldi.

2021-nji ýylyň dekabrynda Google ABŞ-da koronawirusyň omikron ştammynyň ýaýramagy sebäpli ýurtdaky ofislerine işgärleriň gaýdyp barmaly möhletini yza süýşürdi.

Ýene degişli makalalar

'STOP Methane': Türkmenistan dünýäniň iň uly metan syzdyryjysy
Owgan puly dünýäde iň durnukly pullaryň biri boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Ilon Mask bir günde 16 milliard dollaryny ýitirdi
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Teýlor Swift milliarderler boldy