BMG-de dünýädäki ýagdaýa baha berdiler

BMG-de dünýädäki ýagdaýa baha berdiler

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissary Filippo Grandi häzirki döwürde dünýäde ýagdaýyň elhençdigi we barha ýaramazlaşýandygy, şunuň bilen baglylykda haýyr-sahawat boýunça işgärleriň has çylşyrymly şertlerde işlemeli bolýandygy hem-de olara kömek etmek babatda hiç hili syýasy ädimleriň ädilmeýändigi barada beýanat berdi. Bu barada RIA Nowosti habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Grandiniň sözlerine görä, häzirki wagtda köp adamlar ejir çekýärler, haýyr-sahawatçylar olara ýekelikde kömek etmeli bolýarlar. Ol ýurtlary gapma-garşylyklar we yzarlamalar sebäpli, öýlerini terk etmeli bolýan adamlaryň hukuklary bilen ylalaşmaga çagyrdy.

Ýokary komissar şunuň bilen baglylykda, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça edarasynyň häzir has-da gerekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň we Täjigistanyň Prezidentleri Ýeňiş güni Moskwa bararlar
Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar
Malaýziýada täze Patyşany saýladylar
Täjigistanda dynç alýan russiýaly jahankeşdeler köpelýär
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy
Türkmen wekiliýeti Owganystan boýunça Moskwa formatynyň bäşinji mejlisine gatnaşdy