Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar

Ýapon hünärmeni Türkiýede täze ýer titremesini çaklaýar

Türkiýede köpsanly adam pidalaryna getirip biljek täze ýer sarsgyny çaklanýar. Güýji 7,9 balla deň bolan ýer yranmasy ýurduň Mermer deňzi etrabyny basyp biler diýip, RIA Nowosti ýaponiýaly hünärmen Ýoşinori Moriwakä salgylanyp habar berýär.

Hünärmeniň sözlerine görä, bu gezek çaklanýan ýer sarsgynynyň pidalary şu ýylyň 6-njy fewralynda Kahramanmaraş ülkesinde bolan tebigy betbagtçylykdakydan 2-3 esse köp bolup biler.

Şol gezekki Asyryň heläkçiligi diýlip at berlen ýertitremesinde 50 müňden gowrak adam heläk boldy diýip, Belta.by ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Amerikadaky Azatlyk diňine ýyldyrym düşdi
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy
Ärdogan Türkiýäniň dolandyryjy partiýasynyň başlyklygyna täzeden saýlandy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy