BMG dünýäde 4 milliarddan gowrak adamyň sosial goraga eýe däldigini aýtdy

BMG dünýäde 4 milliarddan gowrak adamyň sosial goraga eýe däldigini aýtdy

BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara zähmet guramasynyň (HZG) hasabatynda dünýäde 4 milliarddan gowrak adamyň koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan çökgünlik şertlerinde sosial ätiýaçlandyryş çäreleri bilen üpjün edilmändigi aýdylýar. Bu barada TASS habar berýär.

Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda dünýä ilatynyň diňe 47%-i sosial ätiýaçlandyryş bilen üpjün edilen, 4,1 mlrd adam (53%) bolsa milli sosial gorag ulgamlaryndan hiç hili ätiýaçlandyryş tölegini almaýar.

Hünärmenler “sosial gorag gurşawyndaky sebit deňsizligine” ünsi çekýärler. Ýewropada we Merkezi Aziýada ýaşaýjylaryň 84%-i sosial ätiýaçlandyryşyna eýe bolup, bu dünýäde iň ýokary görkezijidir.Amerikada bu gurşaw 64,3%-e, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde 44%-e, Arap ýurtlarynda 40%-e, Afrikada 17%-e ýetýär.

Hasabatda getirilen maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde çagalaryň dörtden bir bölegi (26,4%) we maýyplaryň üçden bir bölegi (33,5%) sosial goragdan peýdalanýar, zenanlaryň ýarysyndan az bölegi (45%) çaga doglanda töleg alýar, işsizlik boýunça kömek puluna işsiz adamlaryň 18,6%-i bil baglap bilýär. Ýaş boýunça pensiýalar barada aýdylanda, olary pensiýa ýaşyna ýeten adamlaryň 77,5%-i alyp bilýär.

Hünärmenleriň hasaplamagyna görä, ilaty esasy sosial ätiýaçlandyryş bilen doly üpjün etmek üçin pes girdejili ýurtlara bu ugurda her ýyl 77,9 mlrd dollar, ortaça girdejili ýurtlara 362,9 mlrd dollar, ýokary girdejili ýurtlara 750,8 mlrd dollar maýa goýmak gerek, bu olaryň JIÖ-niň, degişlilikde, 15,9%-ini, 5,1%-ini we 3,1%-ini emele getirýär.

Ýene degişli makalalar

HZG: Dünýäde işgärleriň 70 göterimi howanyň hapalanmagyndan ejir çekýär
BMG 2022-nji ýylda dünýäde 207 mln işsiziň boljakdygyny çaklaýar
BMG: zeminiň ýaşaýjylarynyň ýarsyndan gowragy üçin durmuş goraglylygy elýeterli däl
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Nah mataly kagyz işi. Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky Konwensiýany berjaý edişine seretdi
Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi