Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň resminamalaryna goşulmagy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasynyň resminamalaryna goşulmagy maslahatlaşyldy

16-njy fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Halkara Zähmet Guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistanyň halkara konwensiýalara we ylalaşyklara, şol sanda HZG-niň resminamalaryna goşulmagy boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bu guramanyň düzgünleriniň umumy ykrar edilen kadalaryny we ýörelgelerini milli kanunçylyga ornaşdyrýar. Bu ugurda Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda HZG bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulandygy nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryna saparlaryny guramak meýilleşdirilýär
Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň DIM-inde Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi
Türkmenistanyň DIM-de Halkara Zähmet Guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi