BMG: Halkara jahankeşdeligi 2023-nji ýylda dikeler

BMG: Halkara jahankeşdeligi 2023-nji ýylda dikeler

Ýewropada we Ýakyn Gündogarda halkara jahankeşdeligi eýýäm şu ýylda pandemiýadan öňki ýagdaýyna dolanyp geler hem-de 80-den 95 göterime deň bolar. Bu barada Bütindünýä jahankeşdelik guramasynyň bilermenleri habar berdi diýip, Habar 24 ýazýar.

Şunda görkezijileriň dünýäde ykdysady ösüşiň haýallamagyna hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki umumy ýagdaýa bagly boljakdygy bellenýär. Eýýäm bu pudakda işjeňlik görünýär. Mysal üçin, Ýakyn Gündogara gelen jahankeşdeleriň sany COVID-19 ýokanjyndan öňki döwürdäkiniň 85 göterimine deň boldy.

Ýewropada bu görkeziji 80 göterime ýetdi. Afrikada we Günorta Amerikada 65 göterim ösüş hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisi Taýlandyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirdi
Prezident Erdoğan: Sebitiň meselelerini sebitiň öz ýolbaçylary çözmeli
Türkmenistanyň talyplary IMC-2026 halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn we 3 kümüş medal gazandy
Ahalteke bedewi — milli we umumadamzat gymmatlygy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Türkmenistan halkara derejede iri taslamalary öňe sürýär
Gahryman Arkadagymyz ABŞ-nyň Senatynyň wekili bilen duşuşdy