ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar

ÝB wekilleri Azatlyk Radiosynyň daşyndaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşýarlar

17-nji martda Brýusselde ÝB-niň daşary işler ministrleriniň ýygnagynda Ukrainadaky söweşden başga-da, Ýakyn Gündogardaky ýagdaý we beýleki meseleler, şeýle hem Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň işini maliýeleşdirýän ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan tassyklanan grantyň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly ýagdaýyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berdi.

Mediýa guramasynyň baş edarasy Pragada ýerleşýär. Çehiýanyň Daşary işler ministri Lipan Lipawskiý ýekşenbe güni Azatlyk Radiosynyň we "Amerikanyň sesiniň" işine ýokary baha berdi we olary awtoritar dolandyryş astynda ýaşaýan adamlar üçin "ýol görkeziji" diýip atlandyrdy.

Çehiýanyň wekilleri ÝB kärdeşleriniň arasynda Azatlyk Radiosynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýdan çynlakaý alada bildirýän beýannama taslamasyny (redaktorlar üçin elýeterli) paýladylar. Onda onlarça ýyl bäri Demir tutynyň arkasyndaky adamlara obýektiw maglumat berýän metbugat guramasynyň "erkin metbugatyň ýok ýa-da çäklendirilen sebitlerinde onlarça million adama ygtybarly, garaşsyz habar bermegini dowam etdirýändigi" aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň alyp barýan işleri bilen Ýewropanyň howpsuzlygyny güýçlendirýändigi we işiniň bes edilmeginiň "Ýewropanyň duşmanlaryna sowgat boljakdygy" bellenýär.

Taslamada Azatlyk Radiosynyň işini dowam etdirmegine mümkinçilik berýän serişdeleri tapmak niýeti mälim edilýär. Bu beýanata ÝB ýurtlarynyň näçesiniň goşulyp biljekdigi entek belli däl.

Azatlyk Radiosyny we "Amerikanyň sesini" gorap halkara guramalarynyň ençemesi çykyş etdi, olaryň arasynda Milli metbugat kluby, “Serhetsiz reportýorlar” we žurnalistleri goramak boýunça komitet ýaly köp sanly amerikan we halkara žurnalistika guramasy bar.

Daşary ýurtlarda işleýän Russiýanyň garaşsyz habar beriş serişdeleri hem Azatlyk Radiosy bilen raýdaşlygyny bildirýärler. "Nowaýa Gazeta-Ýewropa" gazeti beýannama çap edip: "Häzirki wagtda Russiýanyň ýaşaýjylary üçinem, urşuň tiz bes edilmegine çalyşýan tutuş demokratik dünýä üçinem Russiýanyň sebitlerinde bolup geçýän wakalar barada senzurasyz maglumatlaryň esasy çeşmesidir" - diýdi.

Dožd teleýaýlymynyň baş redaktory Tihon Dzýadko Azatlyk Radiosynyň we häzirki wagtyň raýat jemgyýeti üçin diňe bir Russiýada däl, Belarusda-da möhüm rol oýnaýandygyny belledi.

14-nji martda ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýedi sany federal agentligi, şol sanda ABŞ-nyň Global Media gullugyny (USAGM) çäklendirmek baradaky buýruga gol çekdi. Bu agentlik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyny, "Amerikanyň sesini" we käbir beýleki habar beriş serişdelerini dolandyrýar.

Buýruga görä, ýedi günüň içinde her bir agentligiň ýolbaşçysy prezidentiň buýrugynyň berjaý edilendigini tassyklaýan we agentligiň haýsy bölekleriniň ýa-da wezipeleriniň "kanun tarapyndan hökmanydygyny we näderejede derejede hökmanydygyny" anyklaşdyrýan hasabat bermeli.

Donald Trampyň buýrugyndan birnäçe sagat soň, ABC News habarlar gullugynyň öňki habarçysy žurnalist Tara Palmeri, USAGM-yň hatydygy aýdylýan dokumenti çap etdi, onda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Kongres tarapyndan tassyklanan maliýe üpjünçiliginiň ýatyrylandygyny aýdylýar.

Bu hata özüni USAGM agentliginiň baş müdiriniň wezipesini ýerine ýetirijisiniň baş geňeşçisi we baş müdiriň wezipesini ýerine ýetirijiniň ygtyýary berlen resmi hökmünde görkezen Kari Leýk tarapyndan gol çekilipdir. Leýk, Tramp tarapyndan Amerikanyň sesi başlyklygyna hödürlendi, ýöne onuň bellenmegi Halkara ýaýlym boýunça maslahat beriji geňeş tarapyndan tassyklanmalydy.

Azatlyk Radiosynyň prezidenti we baş müdiri Stiwen Kapus: "Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň grant şertnamasynyň ýatyrylmagy Amerikanyň duşmanlaryna ullakan sowgat bolar "- diýdi. "Eýranyň aýatollalary, Hytaýyň kommunist liderleri, Moskwadaky we Minskdäki awtokratlar 75 ýyllyk işinden soň Azatlyk Radiosynyň ýapylmagyny dabaralarlar. Garşydaşlarymyzyň ýeňiş gazanmagyna ýol açmak, olary güýçlendirmekdir we Amerikany gowşatmakdyr".

Kapus, Azatlyk Radiosynyň taryhynyň dowamynda ABŞ-nyň esasy iki syýasy partiýasynyň giň goldawyna eýe bolandygyny nygtady. "Bizsiz, ýapyk jemgyýetlerde ýaşaýan 50 milliona golaý adam her hepde ygtybarly habar we maglumat üçin bize bil baglaýan adam ABŞ we dünýä baradaky hakykatdan üzňe galar" - diýip, Stiwen Kapus aýtdy.

USAGM, ABŞ-nyň garaşsyz döwlet edarasy bolup, 50-e golaý dilde takmynan 361 million adama habar we maglumat ýetirmek işini dolandyrýar.

USAGM-iň 2025-nji maliýe ýyly üçin soran býujeti 950 million dollar bolup, bu pula Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy, Amerikanyň sesi, Erkin Aziýa Radiosy, Radio Marti (Kuba), Ýakyn Gündogar ýaýlym tory (MBN) we internet taslamalaryny ösdürýän Açyk tehnologiýa gaznasy ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ähli işler maliýeleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Žurnalistleri goraýjy komitet Kongres ýolbaşçylaryny USAGM-i goramaga çagyrýar
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň Global metbugat gullugyny suda berýär
Londondaky deňlikden soň “Mançester Siti” 1-nji orunda galdy
“Mançester Siti” ýeňşi ýatdan çykardy
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri