BMG, Husilerden Gyzyl Deňizde Guraýan Hüjümlerini Bes Etmegini Isledi

BMG, Husilerden Gyzyl Deňizde Guraýan Hüjümlerini Bes Etmegini Isledi

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde, Ýemendäki Husileriň Gyzyl deňizde guraýan hüjümleriniň gyssagly bes edilmegini isleýän karar taslamasy kabul edildi.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde ABŞ we Ýaponiýa tarapyndan hödürlenen karar taslamasy sese goýuldy.

Karar taslamasy 15 agzaly Howpsuzlyk geňeşinde 11 “kabul” sesi bilen kabul edildi.

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 4 agzasy bolsa ses bermekden saklandy.

Ses bermekden saklanan Russiýanyň taslama üýtgetme girizilmegi baradaky talaby bolsa kabul edilmedi.

Kararda 19-njy iýundan bäri Gyzyl deňizde söwda gämilerine guralan 24 hüjüm berk ýazgaryldy we Husileriň hüjümlerini gyssagly bes etmegi talap edildi.

Kararda şeýle hem Husiler tarapyndan zamun alynan Galaxy lider atly söwda gämisiniň ekipažynyň boşadylmagy üçin çagyryş berildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary, Gaza Guralýan Hüjümleriň Bes Edilmegini Isleýär
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
BMG Ysraýylyň aksiýalaryny ýazgarýar
Ysraýylyň Rimdäki Ilçihanasy Howpsuzlyk Sebäpli Ýapyldy
Eýran-Ysraýyl Dartgynlygy
ABŞ, Husileri Nyşana Aldy