BMG indiki Baş sekretaryny saýlamaga girişdi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi indiki Baş sekretary bellemek maksady bilen agza ýurtlara hat ýollady. BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygy Annalena Berbok Howpsuzlyk Geňeşiniň döwürleýin başlygy, Sýerra-Leoneniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Maýkll Imran Kan bilen indiki Baş Sekretaryň saýlanmagy we bellenmegi üçin bilelikdäki hata gol çekdiler.

Annalena Berbok dünýäniň BMG-ä hemişekisinden has köp zerurlyk duýlandygyny, sebäbi BMG-niň dünýäniň ähli ýurtlaryny bir ýere jemläp bilýän ýeke-täk gurama bolmagynda galýandygyny belledi. Baş Assambleýanyň başlygy agza ýurtlary BMG-niň Baş sekretary üçin dalaşgärleri teklip etmäge çagyrdy.

Döwletlere ugradylan hatda “Baş sekretar wezipesinde hiç bir zenanyň bolmandygy gynandyryjy ýagdaýdyr, karar kabul ediji ýokary derejeli wezipelere ýetmekde zenanlaryň we erkekleriň deň mümkinçiliklere eýe bolmalydygyna ynanýarys” diýip bellenilýär. Şeýle hem hatda her bir agza döwletiň aýratynlykda ýa-da beýleki ýurtlar bilen bilelikde şol bir dalaşgäri teklip edip biljekdigi bellenilýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň bolsa, geljek ýylyň iýul aýynyň ahyryna çenli saýlanjakdygy we ahyrky ses berişlik üçin Baş Assambleýa iberiljekdigi aýdyldy.

BMG-niň Baş sekretarlygyna dalaşgärleriniň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 5 hemişelik agzasy tarapyndan weto edilmeli däldir.

Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen gizlin ses berişlikde azyndan 9 ses alyp tassyklanan dalaşgärler Baş Assambleýadaky ses berişlikde 97 ýurduň sesini almaly bolýar.

2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri iki möhlete bu wezipäni ýerine ýetirýän Antoniu Guterreşiň wezipe möhleti geljek ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanýar.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 48-NJI MEJLISINE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN YSLAMATDA SAPARDA BOLÝAR
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Serdar Berdimuhamedow Pakistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň güni bilen gutlady
Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilen mejlisine gatnaşdy