BMG, Liwandan Çekilmegi Üçin Ysraýyla Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berdi

BMG, Liwandan Çekilmegi Üçin Ysraýyla Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berdi

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, BMG-nyň Liwandaky wagtlaýyn parahatçylyk güýji we BMG-nyň Golan Depelerindäki Synçy güýji meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin jemlenişdi.

Maslahatda, Ysraýylyň Liwanda BMG tarapyndan kabul edilen kararlary basgylmaga dowam edýändigi bellenildi we Ysraýyldan gyssagly Liwandan çekilmegi islendi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň Parahatçylyk hereketlerinden jogapkär orunbasary Lakrua, “Ysraýyl Liwanda BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 1701 belgili kararyny basgylamaga dowam edýär” diýdi.

Lakrua, 6-njy ýanwarda geçirlen maslahatda, Ysraýylyň harby goşunynyň çekilmegi we sebite Liwanyň ýaragly güýçleriniň ornaşdyrylmagy üçin tapgyrlaýyn meýilnamanyň hödürlenendigini ýatlatdy.

Lakrua, Ysraýylyň kesgitlenen 60 günden ozal Liwandan çekilmelidigine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Baýden Putin Ukrainadan Çekilýänçä Çaknyşyklaryň Bes Edilmejekdigini Aýtdy
Hytaýda 6 Aý Soň Kovid-19 Sebäpli Adam Pidasy Çekildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Peskow Russiýanyň Ukrainadan Täze Ýyla Çenli Çekilmejekdigine Ünsi Çekdi
Donbassyň Şäherlerinde Agyr Ýitgi Çekildi
Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar