Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar

Ýer Titremesinde Çekilen Adam Pidasynyň Sany Artýar

Kahramanmaraşda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 3 müň 432 adama ýetdi.

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý ýer titremesinde 8 müňden gowrak adamyň hem harabalygyň aşagyndan sag aman halas edilendigini nygtady.

Fuat Oktaý, daşary ýurtlardan 3 müň 294 adamlyk gözleg we halas ediş toparynyň gelendigini belledi.

Beýleki tarapdan Hataýyň Odabaşy etrapçasynda ýykylan binanyň harabalygyndan 30 ýaşyndaky Hülýa Ýylmaz bilen 6 aýlyk bäbejigi Aýşe Wera Ýylmaz 29 sagat soň sag aman halas edildi.

Hülýa Ýylmaz bilen gyzy Aýşe Wera hassahanda bejergi astyna alyndy.

Kahramanmaraşda harabalygyň aşagynda galan ýaş gyz, ýer titremesinden 28 sagat soň ýaraly ýagdaýda halas edildi.

Gaziantepde hem bir zenan 25 sagat soň harabalygyň aşagyndan sag aman halas edildi.

Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Gyzyl ýarymaý jemgyýeti tarapyndan ýer titremesiniň bolan ýerlerinde ilkinji etapda 10 müň adamlyk çadyrlan gurulmaga başlandy.

Sebitde iş alyp barýan gözleg we halas ediş hünärmenleriň sany 25,693, ulag sanynyň 360, iş encamlarynyň sanynyň 3,361 bolandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 3 Müň 549 Adama Ýetdi
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 3 Müň 419 Adama Ýetdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi
Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdi