MHG-nyň Siriýada geçiren operasiýasynda saklanan DEAŞ-li 10 terrorçy Türkiýä getirildi

MHG-nyň Siriýada geçiren operasiýasynda saklanan DEAŞ-li 10 terrorçy Türkiýä getirildi

Siriýanyň Milli howpsuzlyk gullugy bilen birlikde geçirlen operasiýada 10 terrorçy saklandy.

Howpsuzlyk çeşmeleriniň berýän maglumatyna görä, Milli Howpsuzlyk gullugy serhetaşa operasiýalaryny dowam etdirýär. Milli Howpsuzlyk gullugy DEAŞ-a garşy üstünlikli operasiýa geçirdi.

MHG-nyň Siriýanyň Milli Howpsuzlyk gullugy bilen utgaşykly ýagdaýda geçiren operasiýasynda Gyzyl bulten bilen gözleýän DEAŞ-a agza 10 terrorçy saklandy we Türkiýä getirildi.

Türkiýä getirlen 10 terrorçydan 9-y tussag edildi, biriniň göz asty möhledi uzadyldy.

Tussag edilenlerden biri Ankarada otly bekedine guralan hüjüm bilen arabaglanşykly

Milli Howpsuzlyk gullugynyň geçiren barlaglarynda Türkiýeden Siriýa geçip terror guramasy DEAŞ-yň hataryna goşulan türkleriň hem bardygy anyklandy.

Şol şahyslaryň DEAŞ-yň çäginde iş alyp barýandygy anyklandy. Ady agzalýan şahyslaryň geçmişde Türkiýede guralan birnäçe terrorçylykly aksiýa goşulandygy nygtaldy.

Tussag edilen DEAŞ-ly 10 terrorçydan biriniň 109 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Ankarada otly bekedine guralan hüjüm bilen arabaglanşygynyň bardygy anyklandy.

Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Siriýada geçirlen operasiýada saklanan we Türkiýä getirlen 10 terrorçy Içeri işler müdürliginde beren düşündirişinde:

-DEAŞ tarapyndan berlen görkezmeler;

-DEAŞ-yň çäginde alan ýaragly tälimleri we dini bilimleri

-DEAŞ-yň adyndan geçiren propagadanda işleri hakynda maglumat berdi.

DEAŞ-yň çäginde iş alyp baran we Gyzyl bulten bilen gözlenýän terrorçylar:

Ali Bora

Ömer Deniz Dündar

Hüseýin Peri

Kadyr Gözükara

Abdullah Çobanoglu

Hakky Ýüksek

Kadir Demir

Çekdar Ýylmaz

Murat Özdemir

Ishak Günjü Milli Howpsuzlyk gullugy tarapyndan Siriýada geçirlen operasiýada saklanandan soň Türkiýä getirildi we tussag edildi.

Ýene degişli makalalar

Türk ministrlerinden we MHG-nyň başlygyndan ybarat wekiliýet Siriýanyň lideri bilen duşuşyk geçirer
Wise-prezident Ýylmaz: Türkiye global näbellilik döwründe maýa goýum gurşawyny güýçlendirýär
Erdogan Sudanyň Premýer-ministri bilen duşuşygynda ýurdunyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny aýtdy
MHG Türkiýäniň Haklarynyň we Bähbitleriniň Hukuk Kadalaryna Laýyklykda Goraljakdygyny Beýan Etdi
MHG Siriýanyň demirgazygynda DAIŞ-e garşy operasiýa geçirdi
MHG PKK/KJK Terrorçylarynyň Ýolbaşçysyny Türkiýä Getirdi