Ýylmaz Yslam dünýäsi bilen berk önümçilik we söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna çagyrdy

Ýylmaz Yslam dünýäsi bilen berk önümçilik we söwda gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna çagyrdy

Türkiyäniň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Yslam ýurtlarynyň arasynda has çuňňur ykdysady hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy barada çagyryş berdi we olaryň dünýä söwdasyndaky paýyny artdyrmak üçin has güýçli önümçilik hyzmatdaşlygyna, maýa goýum hyzmatdaşlygyna, logistika, baglanyşyk we integrasiýa zerurdygyny aýtdy.

Jewdet Ýylmaz Yslam Söwda we ösüş palatasynyň Ankarada geçirilen maslahatlarynyň çäginde geçirilen agşamlyk naharynda: "Yslam ýurtlarynyň dünýä ykdysadyýetinde we söwdasynda paýyny artdyrmalydyrys. Bu, aýry-aýry tagallalarymyzdan başga-da bilelikde etjek işlerimiz arkaly gazanylar" diýdi.

Türkiyäniň Palatalar we Biržalar Bileleşigi (TOBB) tarapyndan geçirilen çärä 20 Yslam ýurdundan palata wekilleri gatnaşdy.

Ýylmaz global ykdysadyýetiň geosyýasy dartgynlyklar, artýan proteksionizm, üpjünçilik zynjyrlaryndaky üýtgeşmeler, maliýeleşdirme çäklendirmeleri, sanlylaşdyrma we ýaşyl özgertme ýaly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýtdy.

Ýylmaz 57 agzasy bolan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) dünýä ilatynyň takmynan bäşden bir bölegini emele getirýändigini, emma global haryt söwdasynyň diňe 10-11 göterimini düzýändigini, munuň bolsa uly mümkinçilikleriň henizem ulanylmaýandygyny görkezýändigini belledi.

Ýylmaz: "Bu, aýry-aýry tagallalarymyzdan başga-da bilelikde etjek işlerimiz arkaly gazanylar. Bu çäkde bize has köp önümçilik hyzmatdaşlygy, maýa goýumlarynda has uly hyzmatdaşlyk, logistika, baglanyşyk we integrasiýa zerur" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Wise-prezident Ýylmaz: Türkiye global näbellilik döwründe maýa goýum gurşawyny güýçlendirýär
Erdogan Sudanyň Premýer-ministri bilen duşuşygynda ýurdunyň özygtyýarlylygyny goldaýandygyny aýtdy
MHG-nyň Siriýada geçiren operasiýasynda saklanan DEAŞ-li 10 terrorçy Türkiýä getirildi
Türkiýäniň Wise-prezidenti, Söwda ministriniň orunbasary “Türkmentextile Expo 2026” sergisine gatnaşdylar
Aşgabat bilen Ankara strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Wise-prezident Ýylmaz Ermenistanyň Premýer-ministri Paşinýan bilen duşuşdy