BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça Maksatnamasyna gol çekildi

BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça Maksatnamasyna gol çekildi

2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Daşkent şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Ýerine ýetiriji sekretary Geda Fathi Waliniň gatnaşmagynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekmek hem-de ony işe girizmek dabarasy geçirildi.

Köpugurly gepleşiklerde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Çykyşlaryň barşynda bellenilişi ýaly, bu sebitleýin maksatnamanyň hereket edip başlamagy sebitiň ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň korrupsiýa, adam söwdasyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna hem-de guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek babatyndaky mümkinçilikleriniň has hem giňeldilmegine itergi berer.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda häzirki döwrüň kiberjenaýatçylyk, maglumat we biologiki howpsuzlygyna wehim abanmagy ýaly meselelere garşy göreşmek babatynda köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça hem işjeň pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýetini bellemek bilen, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň howpsuzlyk meselelerine çemeleşmeleriň ählumumy bitewiligi, onuň düzüjileriniň bölünmezligi konsepsiýasyndan ugur alýandygyny we bu babatda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýeti bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Häzirki wagtda Türkmenistan 2011-nji ýylyň Aşgabat jarnamasynyň hem-de Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Hereketleriň bilelikdäki meýilnamasynyň düzgünlerine esaslanmak bilen, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça Ählumumy strategiýasynyň sebit derejesinde durmuşa geçirilmegi ugrunda işjeň çäreleri alyp barýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýanyň agzasy bolmak bilen, bu meselä barlyşyksyz göreşmek babatynda köptaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň çözülmegi ugrunda öz tagallalaryny yzygiderli dowam etmäge meýillidir. Şu nukdaýnazardan, Kiçi toparyň Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy hem-de garyşyk meseleler boýunça 55-nji mejlisiniň Türkmenistanda geçirilmegi boýunça hem teklip beýan edildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýeti bilen hyzmatdaşlygynyň ulgamlaýyn hem-de yzygiderli häsiýeti aýratyn bellenilip geçildi. BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekmek arkaly, şu gün biz muny doly tassyklaýarys, diýip W.Hajiýew nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň 32-nji sessiýasyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti BMG-niň jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýet boýunça geňeşiniň sessiýasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ufada geçirilýän Bütindünýä folkloriadasynda iki dünýä rekordy goýuldy
Aşgabatda söwdany we hususy dükanlaryň işini ösdürmek bilen bagly teklipler boýunça ýaryşyň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Garyplygyň we açlygyň Türkiýede ýaýramagy