BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz işini tamamlady

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy öz işini tamamlady

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy abraýly halkara guramasynyň wekiline Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekdäki alyp baran işleri üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.Türkmenistanyň gazananlaryny belläp, taraplar Durnukly ösüş maksatlaryny uýgunlaşdyrmak ugrundaky tagallalary birleşdirmek hem-de häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça meselelere seretdiler.

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň wekili türkmen tarapyna şu ýyllaryň dowamynda wezipesini ýerine ýetirmekde eden ýardamlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi.Türkmenistanda birnäçe ýyllaryň dowamynda adam hukuklary, ekologiýa, durnukly ulag we beýleki ulgamlar boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada nygtalyp geçildi.

Ýene degişli makalalar

11.12.2019 | Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat
Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat
Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi
16.12.2019 | Türkmenistanyň DIM-nde BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi
15.01.2020 | Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda
Türkmenistanyň Bitaraplygy - dünýä metbugatynda