BMG-nyň Baş sekretary Ysraýyl-Palestina dartgynlygy bilen bagly beýannama berdi

BMG-nyň Baş sekretary Ysraýyl-Palestina dartgynlygy bilen bagly beýannama berdi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Ysraýyl-Palestina dartgynlygy bilen baglanşykly, halkara kararlara we iki tarapyň arasynda baglaşylan ylalaşyklara laýyklykda garaşsyz Palestina döwleti gurulmadan hiç bir çözgüdiň mümkin däldigini beýan etdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri bilen paýtagt Kair şäherinde geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi.

Ysraýyl-Palestina krizisiniň 7-nji oktýabrda Hamasyň guran hüjümi bilen dartgynlaşandygyny, bu ýagdaýyň Ysraýylyň Gazany dolulygyna gabamagyna, asuda ilaty rehimsiz bombalamagyna sebäp bolandygyny aýdan Antoniu Guterriş, ýogalanlaryň aglabasynyň çagalardan we zenanlardan ybaratdygyny habar berdi.

Halkara ynsanperwer hukuga hormat goýulmagynyň zerurdygyny aýdan Antoniu Guterriş: "Asuda ilatyň goralmagy şeýle hem mejburylyk. Hassahanalara hüjüm guramak, mekdeplere we BMG-na degişli desgalara guralan islendik hüjüm gadagandyr we halkara hukuga tersdir" diýip belledi.

Bu ynsanperwer apatyň öňünde iki aýry ynsanperwer göçümiň edilmegi barada çagyryş beren Antoniu Guterriş: "Hamas gyssagly we şertsiz ýagdaýda zamun alynan adamlary azat etmeli, Ysraýylyň Gazanyň halkynyň iň adaty zerurlyklarynyň üpjün edilmegi üçin ynsanperwer kömeklere rugsat bermelidir. Anyk görnüşde aýdýaryn, Palestinanyň halkynyň 56 ýyllyk basyp alyşlyklaryndan soň kanuny we çuňňur nägilelikleri bar" diýip nygtady.

Taraplara ýaraşyk geçirmekleri barada çagyryş beren Antoniu Guterriş, Gazanyň halkynyň takmynan 2 hepde bäri azyk, suw we derman ýaly esasy zerurulyklara elýeterlilikleriniň bolmandygyny ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
Aşgabatda Dialog — parahatçylygyň kepili atly halkara forum geçirildi
Guterriş: “Umumyadamzat Ejir Çekýär”
BMG-de 2024-nji ýylyň baş wezipelerini yglan etdiler
Guterriş halkara guramalary özgertmäge çagyrdy
Gebreýesus UNRWA Berilen Kömegiň Bes Edilmezligi Üçin Çagyryş Etdi