BMG-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar

BMG-nyň täze Baş sekretary Antoniu Guterriş 13-nji iýunda Türkmenistana ilkinji saparyny amala aşyrýar.

BMG-nyň täzelikler merkezi Antoniu Guterrişiň Aşgabatda Merkezi Aziýada terrorçylyk bilen göreş strategiýasyny durmuşa geçirmäge bagyşlanan ýokary derejeli dialoga gatnaşjakdygyny habar berdi.

“Öňde duran gepleşikleriň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklige gönükdirilen dokumentler toplumyna gol çekilmegi planlaşdyrylýar” diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Bellemek gerek, “Hýuman Raýts Wotç” we adam hukuklaryny goraýan “Türkmen inisiatiwasy” guramasy bu saparyň öňünden, 8-nji iýunda Türkmenistanda adam hukuklarynyň gözgyny ýagdaýy barada beýanat çap etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen gepleşik geçirdi
BMG-niň Baş sekretarynyň wezipesine dalaşgärler bilen söhbetdeşlikler aprel aýynda başlanar
Bütindünýä ykdysady forumy başlady
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat geçirildi