“BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi 5 Ýurduň Syýasy Strategiýalarynyň Çaknyşyk Meýdanyna Öwrüldi”

“BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi 5 Ýurduň Syýasy Strategiýalarynyň Çaknyşyk Meýdanyna Öwrüldi”

Prezident R. T. Erdogan, BMG-nyň Howpszlyk geňeşiniň, indi dünýäniň howpsuzlygynyň kepilnamasy bolmakdan çykandygyny we 5 ýurduň syýasy strategiýalarynyň çaknyşyk meýdanyna öwrülendigini aýtdy.

Prezident Erdogan, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş etdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antonio Guterreşiň “II jahan urşundan soň döredilen guramalaryň şu günki dünýä ulgamyna wekilçilik edip bilmeýändigi” baradaky garaýşyna Türkiýäniň hem goşulýandygyny aýdan Erdogan, “Howpsuzlyk geňeşi indi dünýäniň howpsuzlygynyň kepilnamasy bolmakdan çykyp, 5 ýurduň syýasy strategiýalarynyň çaknyşyk meýdanyna öwrüldi” diýdi.

BMG-nyň öňbaşçylyk etmeginde dünýäniň howpsuzlygyny, durnuklylygyny we asudalydygyny ýola goýjak guramalaryň düzümine gyssagly üýtgetme girizilmelidigini nygtan Erdogan, “Geografik we demografik gurluşy bilen dünýädäki ähli ynançlara we medeniýetlere wekilçilik edip biljek halkara ulgam gurulmaly” diýdi.

2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi barada hem durup geçen Erdogan, Türkiýäniň meseläniň Ukrainanyň garaşsyzlygyna we bitewiligine laýyklykda diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin edýän tagallasyny dowam etdirjekdigini belledi.

Prezident Erdogan, Siriýanyň territorial bitewiligine we syýasy jebisligine abanýan iň uly howpdan, terror guramalaryna goldaw bermäge dowam edýän käbir daşarky güýçleriň jogapkärdigini ýatlatdy.

Erdogan “Siriýanyň we Yragyň başda durmagynda, Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada öz bähbitleri üçin DEAŞ-dan we beýleki guramalardan hyýanatçylykly peýdalanýanlardan bizar bolduk” diýdi.

Prezident Erdogan, öz syýasy we ykdysady bähbidi üçin terror guramalary bilen işleşmäge dowam edýän ýurtlaryň, terrora we olar bilen arabaglanşykly meselelere nägilelik bildirmek hukugynyň ýokdygyna ünsi çekdi.

Palestina-Ysraýyl meselesi çözülmezden Ýakyn Gündogarda yzygiderli parahatçylygyň ýola goýlup bilinmejekdigine ünsi çeken Erdogan, “1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda garaşsyz Palestina döwleti gurulmazdan, Ysraýylyň hem özüni rahat duýmagy mümkin däl” diýdi.

“Biziň hiç kimiň hakynda gözümiz ýok, emma kimdir biriniň hem biziň hukugymyzy basgylamagyna hem rugsat bermedik we bermeris” diýen Erdogan, halkara jemgyýetçiligine Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi we şol ýurt bilen diplomatiýa, syýasy we ykdysady taýdan gatnaşyk etmekleri üçin çagyryş berdi.

Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etaby barada hem durup geçen Erdogan, “Ýurdumyz meselesinde ÝB-niň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmegine garaşýarys” diýdi.

Azerbaýjan-Ermenistan gatnaşygy barada hem durup geçen Prezident Erdogan, iki ýurduň arasynda gepleşik etabyna başyndan bäri goldaw berýändiklerini emma Ermenistanyň bu taryhy pursatdan peýdalanmandygyny ýatlatdy.

Ermenistanyň Zengezur koridorynyň açylmagy meselesinde beren wadasynda durmagyna garaşýandyklaryny aýdan Erdogan “Garabagyň Azerbaýjana degişlidigini hemmeler kabul edýär”diýdi.

Ýene degişli makalalar

Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Silwa bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan gambiýaly kärdeşi Barrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Bilen Duşuşar
Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Gresiýanyň Premýer-ministri Ankara Geldi