Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi

Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi

Prezident Erdoganyň çakylygyna laýyklykda Türkiyä resmi sapar guran Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýer bilen Prezidentiň kompleksinde duşuşyk geçirýär.

Resmi duşuşyklarda Türkiye bilen Germaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ählitaraplaýyn ele alynar we hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy üçin ediljek ädimler ara alynyp maslahatlaşylar.

Duşuşyklarda şeýle hem Ysraýylyň Palestina topraklaryna garşy guraýan hüjümleri we sebitdäki ýagdaý, Ukraina bilen Russiýanyň arasynda dowam edýän uruşyň soňky ýagdaýy, Türkiye-Ýewropa Bileleşigi gatnaşyklary, global we sebitleýin meseleler maslahatlaşylar.

Duşuşykdan ozal Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýer Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabiri zyýarat etdi.

Atatürkiň mawzoleýine wenok goýup, hormatly dymyşlyk eden Frank Walter Ştaýnmaýer ondan soň bolsa Anytkabiriň ýörite depderine gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan 23-nji Aprel Milli Häkimiýet we Çagalar Baýramy mynasybetli ýüzlenme çap etdi
Prezident Erdogan Çagalary Kabul Etdi
Prezident Erdogan Respublika Baýramy Mynsybetli Gutlag Ýüzlenmesini Berdi
Atatürki Uly Hormat Bilen Hatyralaýarys
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Daşary işler ministrligi 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag çap etdi