Prezident Erdogan Respublika Baýramy Mynsybetli Gutlag Ýüzlenmesini Berdi

Prezident Erdogan Respublika Baýramy Mynsybetli Gutlag Ýüzlenmesini Berdi

Prezident Erdogan sosial media hasabyndan beren gutlag ýüzlenmesinde: "Respublikamyzyň 100-nji ýylyna ýetmegiň şatlygyny we buýsanjyny başymyzdan geçirýäris. Ýurdumyzda we dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan raýatlarymyzyň 29-njy Oktýabr Respublika Baýramyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn" diýip belledi.

Türkiye Respublikasynyň Prezidentliginiň sosial media hasabyndan hem 29-njy Oktýabr Respublika Baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesi paýlaşyldy.

"Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürk başda bolmak bilen, Milli Azat edijilik uruşymyzyň gazanylmagynda we bu topraklary bize Watan hökmünde goýup gitmek üçin pidakärlik bilen göreş alyp baran ähli gahrymanlarymyzy hormat bilen hatyralap geçýäris" diýip bellendi.

Gutlag ýüzlenmesinde: "100 ýyl mundan ozal agyr baha töläp esaslandyran Türkiye Respublikasyny agzybirlik, raýdaşlyk we doganlyk duýgulary bilen, häzirki zaman medeniýetleriň derejesinden hem ýokary çykarmak üçin arman-ýadaman zähmet çekeris. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ýaşaýan ähli raýatlarymyzyň 29-njy Oktýabr Respublika Baýramyny gutlaýarys. Respublikamyzyň 100-nji ýyly gutly bolsun" diýip nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Daşary işler ministrligi 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli gutlag çap etdi
Türkiýe Olimpiadalarda
Şu gün 29-njy Oktýabr Respublika baýramy
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Prezident Erdoganyň 100-nji Ýyl Çykyşy
Resmiler Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler