Şu gün 29-njy Oktýabr Respublika baýramy

Şu gün 29-njy Oktýabr Respublika baýramy

29-njy oktýabr Respublika baýramynyň esasy bellenilip geçiljek 2 möhüm merkez bolsa paýtagt Ankara we Stambul bolar.

Respublika baýramy biri-birinden tapawutly we şüweleňly çäreler bilen bellenilip geçiler.

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, hökümet agzalary bilen Türkiye Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik Lider Mustafa Kemal Atatürkiň aramgähiniň ýerleşýän ýeri bolan Anytkabiri zyýarat eder.

Respublikanyň yglan edilen 1-nji Mejlisde dabara geçiriler. Ol ýerde Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş söz sözlär.

TBMM-niň öňünden Ulusa tarap "Respublikamyzyň 100-nji ýyly" atly ýöriş dabarasy geçiriler. SOLOTÜRK Anytkabiriň üstünde uçuş saparyny amala aşyrar.

Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-da Bosfor bogazynda flotyň taryhyndaky iň uly harby geçiş dabarasy geçiriler. Gämileriň geçiş dabarasyna TJG Anadoly başda bolmak bilen 100 gämi gatnaşar.

Gämilere Türk Ýyldyzlary we SOLOTÜRK bilen birlikde 20 uçar howadan ýoldaşlyk eder.

Geçiş dabarasyna gatnaşjak Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Türkiyäniň wagty bilen sagat 19:23-de 100-nji ýyl bilen bagly çykyşy bolar.

15-nji iýul Şehitler köprüsinde 2023 dronyň gatnaşmagynda görkeziliş geçiriler. Bosfor bogazynda yşyk we feýerwerk görkezilişleri bolar.

Ýene degişli makalalar

Şu Gün 29-njy Oktýabr Respublika Baýramy
Prezident Erdogan Anytkabiri zyýarat etdi
23 Gämi 23 Porta Barar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Gazagystana Guran Saparyny Tamamlap Türkiýä Dolandy
Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy