“Sabah” gazeti “Erdogan: Soňky döwürde ýurdumyza gelýän daşary ýurt maýasynyň mukdary artýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyn 11-nji Bosfor Sammitine ugradan wideo ýüzlenmesinde Türkiýäniň Hytaýdan son ykdysady ösüş boýunça ikinji orny eýeleýändigini beýan edip: “Soňky döwürde ýrudumyza gelýän daşary ýurt maýasy artýar” diýendigini ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Britaniýanyň Premýer-ministri Jonson PKK-ny ýazgardy” söz başyly habarynda, Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonsonyň Prezident R.T.Erdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde Yragyň demirgazygyndaky Gara etrabynda şehit edilen 13 türkraýaty üçin duýgudaşlyk bildirip, gyrgynçylygy eden terror guramasy PKK-ny ýazgarandygyny mälim edýär.
“Haber Türk” gazeti “Opponyň Tuzladaky fabrigi 1000 adamy iş bilen üpjün eder” söz başylygy habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň Hytaýyň telefon markasy “Opponyň” Stambulyň Tuzla etrabynda gurluşygy dowam edýän fabriginde synag önümçiliginiň başlandygyny habar berendigini ýazýar. Ministr Warank fabrigiň doly önümçilige başlamagyndan soň müň adama iş üpjünçiligini döretmegine garaşylýandygyny aýtdy.
“Star” gazeti “Diňe Türkiýede ösüp ýetişýär” söz başyly habarynda, Artwin welaýatynyň Hopa etrabynda diňe Türkiýede ösüp ýeişýän ultra endemiki kömelek görnüşiniň tapylandygyny mälim edýär. Habarda Ysparta Tejribe Ylymlary uniwersitetinin Atabeý hünärmentçilik mekdebiniň mugallymy Oguzhan Kaýgusyz tarapyndan tapylan kömelegiň diňe Türkiýede ösýändigi üçin “Plutes Anatolikus” ady bilen bellik edlendigi nygtalýar.
“Hürriýet” gazeti “Rus syýahatçylary Kekowada tomusy başdan geçirdi” söz başyly habarynda, Antalýanyň Demre etrabynda howanyň maýlamagy bilen gelýän rus syýahatçylarynyň sanynyň artandygyny ýazýar. Tebigy gözelligi bilen özüne bendi edýän Demrä gelen rus syýahatçylarynyň Ortaýer deňizinde ýahta gezelenjine çykyp, deňizde ýüzdi. Rus syýahatçylary Demräniň we Kekowanyň hamaýa diýersiňiz jennet ýalydygyny, dynç almak üçin ýene-de geljekdiklerini beýan etdiler.
