Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady

Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady

Türkiýäniň ilkinji astronawty Alper Gezerawjy bilen birlikde SpaceX älem gämisi, ABŞ-nyň Kennedi älem merkezinden ýerli wagt bilen 16.49-da Türkiýe wagty bilen 00.49-da üstünlikli ýagdaýda uçuryldy.

Şeýlelikde, Florida ştatynda ýerleşýän Kennedi älem merkezindäki 39A-dan uçurlan Ax-3 missiýasyna agza Alper Gezerawjynyň emeli hemra ýolagçylygy hem başlady.

Ilkinji türk astronawty Gezerawjy bilen birlikde älem gämisiniň ABŞ-nyň ýerli wagty bilen şenbe güni ir ertir 05.15-de Türkiýe bilen 13.15-de Halkara emeli hemra bekedine barmagyna garaşylýar.

SpaceX, Halkara emeli hemra bekedine tarap ýola çykan Dragon älem gämisindäki Ax-3 topary ilkinji garaýyşlaryny sosial media arkaly beýan etdi.

Gezerawjynyň älem gämisindäki ilkinji sözleri, “Türkiýäniň astronawtly älem missiýasyny amala aşyrýan ilkinji türk hökmünde emeli hemra ýolagçylygymy Beýik Atamyzyň sözleri bilen başlamak isleýärin. Türkiýe Respublikamyzyň esaslandyryjy Mustafa Kemal Atatürkiň aýdyşy ýaly “Gelejek gök asmandadyr” boldy.

Amala aşyrýan ilkinji emeli hemra ýolagçylygy bilen “ilkinji türk astronawty”çinini alan Gezerawjy 14 günüň dowamynda Halkara emeli hemra bekedinde ylmy taýdan 13 synag geçirer.

Gezerawjy, mikrograwitasiýa, emeli hemrada adamyň saglygy, Duz kölüniň ösümlük gatlagynyň barlanmagy, nol agyrlyk şertinde gaty-suwuk garyndylaryň analiz edilmegi ýaly dürli ugurda ylmy barlaglar geçirer.

Beýleki tarapdan Falkon 9 raketasy, Ax-3 toparyny alyp giden Dragon älem gämisi kesgitlenen belentlige çykandan soň üstünlikli ýagdaýda älem gämisinden aýryldy.

Falkon 9 Kennedi älem merkeziniň gündogarynda ýerleşýän Keýp Kanaweral bazasyna üstünlikli ýagdaýda gondy.

Falkon 9-yň Dragon älem gämisinden aýrylmagyndan soň Merlin emeli hemra hereketlendirijisi älem gämisiniň Halkara emeli hemra bekedine barmagyny üpjün eder.

Ýene degişli makalalar

NASA-nyň iň güýçli raketasy "Artemida-1" uçuryldy
“SpaceX” ikinji gezek astronawt uçurdy
“Artemida-1” missiýasynyň Aýa uçurylyşy tehniki näsazlyk sebäpli yza süýşürildi
36 sagatda üç gezek raketa uçurdy
Floridanyň uçuş merkezine geldiler
Koreýa Ikinji Içaly Hemrasyny Uçurdy