Floridanyň uçuş merkezine geldiler

ABŞ-nyň aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary müdirliginiň (NASA) kosmonawtlary SpaceX Crew-1 missiýasynyň çäginde ýakyn wagtda Halkara kosmos bekedine ugramak maksady bilen uçuşa taýýarlyk görmek üçin Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodroma geldiler.

NASA-nyň kosmonawtlary Maýkl Hopkins, Wiktor Glower we Şennon Woker, Ýaponiýa howa giňişliginiň gözleg gullugyndan (JAXA) Soiti Noguti dagy Kennedi uçuş we gonuş toplumyna geldiler.NASA-nyň astronawtlary agentligiň täjirçilik uçuş maksatnamasynyň çäginde ýakyn wagtda SpaceX Crew-1 kosmos gämisi bilen Halkara kosmos bekedine ugur alarlar.

Olaryň HKB-däki missiýasy alty aý dowam eder.Kosmos gämisiniň uçurylmagy dünýäniň kosmos senagaty üçin taryhy ähmiýete eýedir. 2011-nji ýylda ABŞ-nyň çäklerinden SpaceX hususy kompaniýasy tarapyndan kosmosa pilotly uçuşlar amala aşyrylyp başlandy.

The post Floridanyň uçuş merkezine geldiler appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“SpaceX” operasiýa maksatly ilkinji astronawtlaryny uçurdy
“SpaceX” kapsulasy HKS-a birikdirildi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
54 ýyldan soňra Aýa syýahat