BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi, Gaza Meselesinde Ylalaşyk Gazanyp Bilmeýär

BMG-nyň Howpsuzlyk Geňeşi, Gaza Meselesinde Ylalaşyk Gazanyp Bilmeýär

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Gaza bilen arabaglanşykly karar taslamasynyň sese goýulmagy meselesinde ýene-de ylaşaşyk gazanylyp bilinmedi.

Ses goýulşyk, agza ýurtlaryň arasyndaky düşnüşmezlik sebäpli ikinji gezek yza süýşürildi.

ABŞ-nyň, Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan taýarlanan Gaza taslamasyny kabul etmeýändigi nygtaldy.

Taslama goldaw berýän ýurtlaryň taslamanyň ýene-de bir gezek weto edilmezligi üçin gepleşikleriň dowam etdirilmegini isländigi bellenildi.

Ikinji gezek yza süýşürlen sese goýulşygyň şu gün geçirilmegine garaşylýar.

Karar taslamasynda Gaza berilýän ynsanperwer kömeginiň artdyrylmagy we çaknyşyklara gyssagly arakesme berilmegi talap edilýär.

Ozal hem 16-njy, 18-nji we 25-nji oktýabrda BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşinde Gaza meselesinde hödürlenen karar taslamasy weto edilipdi.

Hamasyň ýaragly İzzedin Al Kassam atly topary, Ysraýyla garşy 7-nji oktýabrda hüjüm gurapdy.

Ysraýyl 7-nji oktýabrdaky hüjümlerde 1200 ysraýyllynyň ýogalandygyny, 5 müň 132 adamyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň Gaza sektoryna guraýan hüjümlerinde azyndan 8 müňi çaga, 6 müň 200-i zenan bolmak bilen 19 müň 667 palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Gazany Çaga Gonamçylygy Hökmünde Häsýetlendirdik
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 215 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Gaza Ýarylmadyk Bombalar Sebäpli Howply Etaby Başdan Geçirýär
ÝUNİSEF Gazanyň Rafah Şäherinde Çagalaryn Öldürilmeli Däldigini Beýan Etdi
Rafah Gümrük Geçelgesi Ýapyldy
Türkiýe, Gaza Ynsanperwer Kömegini Bermäge Dowam Edýär