BMG: "Owganystan azyk howpsuzlygyna sezewar" diýdi

BMG: "Owganystan azyk howpsuzlygyna sezewar" diýdi

BMG-nyň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Ramiz Alakbarow, gyş paslynda Owganystanyň käbir sebitlerinde ýylylygyň 25 gradusa çenli peseljekdigini mälim etdi.

Alakbarow: "Gyş möwsümine taýarlyk işlerini goldamak üçin 768 million dollara we şu ýylyň ahyryna çenli bolsa 614 million dollara zerurlygymyz bar" diýip beýan etdi.

Ýurtda 6 million adamyň adatdan daşary ýagdaý derejesinde azyk howpsuzlygyna sezewardygyny aýdan Alakbarow, 2023-nji ýylda ilatyň 2/3 böleginiň, ýagny 28 million adamyň ynsanperwer kömege mätäç boljakdygyny aýan etdi.

Talibanyň 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Owganystanyň häkimiýetiniň başyna geçmeginden soň, halkara derejedäki maliýe kömekleriniň kesilmegi bilen ýurduň ykdysadyýeti agyr zarba aldy, zenanlar we çagalar bilim bilen birlikde ençeme hukukdan mahrum galdylar.

Müňlerçe zenan döwlet guramalaryndaky we hususy kärhanalardaky işlerinden mahrum boldylar.

Ýene degişli makalalar

Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi
52 ýyldan soň ilkinji gezek “Barselonany” myhmançylykda ýeňdi
Stambulda Halkara neşirýatçylar bir ýere jemlendi
Ertir Dünýä Kubogy 2026-nyň bijeleri çekiler
Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
Ispaniýanyň “Teltronic” kompaniýasy Türkmenistanyň sanly infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlyga taýýar
Mane köne dostuny gynandyrdy