BMG Wladimir Putiniň Türkiyä gurajak sapary barada beýannama berdi

BMG Wladimir Putiniň Türkiyä gurajak sapary barada beýannama berdi

BMG-nyň Metbugat geňeşçisi Stefan Dýužarrik gündelik metbugat ýygnagynda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

"Wladimir Putiniň saparynda Gara deňiz Galla başlangyjyny dikeltmek mümkinçiligine BMG gatnaşarmy?" soragyna Stefan Dýužarrik: "Elbetde sapardan alynjak netijelere ýakyndan gözegçilik ederis" diýip mälim etdi.

Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Putiniň Türkiyä gurajak saparynda Russiýa bilen Türkiyäniň arasyndaky ykdysady we söwda gatnaşyklary, Ukraina ugurlary bilen birlikde sebitleýin meseleleriň ara alynyp maslahatlaşyljakdygyny habar beripdi.

Kremliň daşary syýasat boýunça maslahatçysy Ýuriý Uşakow 29-njy ýanwarda beren beýanatynda, Putiniň Türkiyä gurajak saparynyň fewral aýynda geçirilmegi üçin taýarlyk görülýändigini beýan edipdi.

Ýene degişli makalalar

Peskow: "Türkiye biziň möhüm söwda we ykdysady hyzmatdaşymyz" diýdi
“ÝB-niň Ukraina Maliýe Kömegini Bermegi Kynlaşdy”
Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ermenistan Rus Serhetçilerini Ýurtdan Çykarar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny