BMG, Ysraýyla Gümrük Geçelgelerini Açmagy Üçin Çagyryş Berdi

BMG, Ysraýyla Gümrük Geçelgelerini Açmagy Üçin Çagyryş Berdi

BMG, Ysraýyla, bejergi almaly palestinalylaryň Gazadan çykarylmagy üçin gümrük geçelgelerini açmagy barada çagyryş berdi.

BMG, "Palestinaly ynsanperwer kömek guramalarynyň işgärleri we bejergi almaly gazalylar üçin gümrük geçelgeleri açylmaly”diýdi.

BMG, Ysraýyla, bejergi almaly palestinalylaryň Gazadan çykarylmagy üçin gümrük geçelgelerini açmagy barada çagyryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dužarriç gündelik metbugat ýygnagynda “Beýt Hanun gümrük geçelgesi halkara ynsanperber kömek guramalary üçin açyk, emma 11-nji maýdan bäri palestinalylar üçin ýapyk. Palestinaly ynsanperwer kömek guramalarynyň işgärleri we bejergi almaly gazalylar üçin gümrük geçelgeleri açylmaly” diýdi.

Dužarriç, Gazanyň ähli gümrük geçelgeleriniň açylmagy üçin çagyryş berdi.

Ysraýyl Kerm Abu Salim we Beýt Hanun gümrük geçelgelerini diňe ynsanperwer kömek guramalary üçin açypdy.

Ysraýylyň 10-njy maýda gabaw astyndaky Gaza başladan we jemi 11 gün dowam eden hüjümlerinde ýaralanan ýene-de bir palestinalynyň ýogalmagy bilen jemi şehit bolan palestinalylaryň sany 254-e ýetdi.

Palestinanyň Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Ysraýylyň hüjümlerinde ýaralanan ýene-de 1 palestinalynyň şehit bolandygy mälim edildi.

Soňky berilen maglumata görä Ysraýylyň Gaza guran hüjümlerinde 66-sy çaga, 39-y zenan bolmak bilen jemi 254 palestinalynyň şehit bolandygyny habar berildi.

Ysraýylyň gabaw astyndaky Gaza 10-njy maýda başladan hüjümlerini Hamas bilen gazanylan ylalaşyga laýyklykda 21-nji maýda ýerli wagt bilen sagat 02:00-da bes edipdi.

Emma Birleşen Milletler Guramasyndaky Eýranyň hemişelik wekili Majid Taht-e Ravançi, ýaragly çaknyşykda parahat ilaty goramak boýunça Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde "Ysraýyl režimi ýakynda Gazany basyp alanda wagşyçylyk etdi şonuň üçin onuň wezipeli adamlary jogapkärçilige çekilmelidir diýip aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly Ministr Gaza Sektorynyň Dolulygyna Ýok Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi
Ysraýyl 202 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýylyň goşunynyň Gaza zolagyna garşy hüjümleri 200 gün bäri dowam edýär
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany 33 Müň 970 Adama Ýetdi
Ysraýyl 201 Günden Bäri Gazany Bombalaýar