BMW elektroulaga 1,7 milliard dollar maýa goýar

Germaniýanyň BMW kompaniýasy ABŞ-da elektroulaglary öndürmek üçin täze maýa goýumy yglan etdi. Umumy möçberi 1,7 milliard dollarlyk maýa goýum, esasan, batareýa zawodynyň gurluşygy üçin sarp ediler. Golaýda ABŞ-da ýarymgeçiriji önümçiligini höweslendirmek maksady bilen täze kanun kabul edilipdi. Şeýle hem ýurtda elektroulaglar üçin batareýa öndürýän kompaniýalara maliýe goldawynyň beriljekdigi aýdylypdy.

Bu ýeňilliklerden peýdalanmak isleýän nemes brendi maýa goýumyny batareýa we elektroulag önümçiligine goýberer. Maýa goýumyň 1 milliard dollarlyk bölümi meşhur X seriýasynyň ulaglaryny öndürilýän desgasy bolan Spartanburg zawodynyň giňeldilmegi we elektroulag önümçiliginiň ýola goýulmagy üçin sarp ediler. 700 million dollarlyk desganyň golaýyndaky Wudruff etrabynda ýokary woltly batareýa önümçilik zawodynyň gurulmagynda sarp ediler.

Ýusup Annaýarow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan günbatar döwletleriniň ulaglaryny çäklendirip, hytaý awtoulaglaryny öňe sürýär
BMW elektriki Mini-leriň önümçiligini Beýik Britaniýadan Hytaýa geçirer
Pariž awtoulag sergisi başlady
Porshe Ýewropanyň iň gymmat ulag kompaniýasy boldy
Porsche Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi
“Milanly” futbolçylara täze BMW ulaglary berildi