Porshe Ýewropanyň iň gymmat ulag kompaniýasy boldy

Porshe Ýewropanyň iň gymmat ulag kompaniýasy boldy

Sentýabr aýynyň ahyrynda IPO çykan Porsche kompaniýasy Ýewropada iň gymmat ulag öndüriji boldy. Bu barada Reýter agentligi habar berýär.

Porshe-niň paýnamalary birža goýlandan soň durnukly ösýändigini görkezdi.Netijede, 2022-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda kompaniýanyň umumy bahasy 85 mlrd ýewro ýetdi.Soň kotirowka peselenem bolsa, Porsche öňküsi ýaly Ýewropanyň umumy bahasy 84 mlrd ýewro durýan iň gymmat ulag kompaniýasy bolmagynda galýar.

Hususan-da, Volkswagen konsernine 77,7 mlrd ýewro, Mercedes-Benz-e 57,2 mlrd ýewro baha kesilýär.Onuň yzyndan BMW (47,5 mlrd ýewro) we Stellantis (39,7 mlrd ýewro) gelýär.

Ýene degişli makalalar

Porsche Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy
Ýeňijileriň birine BMW, ýene birine-de “Porsche” berildi
Porsche Ýewropada iň iri IPO-ny geçirdi
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi