Porsche Ýewropada iň iri IPO-ny geçirdi

Porsche Ýewropada iň iri IPO-ny geçirdi

Volkwagen nemes awtoulag konserni söwdalaşyklary 29-njy sentýabrda Frankfurt biržasynda Porsche-niň paýnamalarynyň bahasyny kesgitledi. WSJ-nyň maglumatlaryna görä, kompaniýa her biri 82,5 ýewro durýan 114 mln-a golaý ýeňillikli paýnamalary ýerledi. Bu baha diapazonynyň ýokary serhedi.

Ýerlemegiň netijesinde Porsche 75,2 mlrd ýewro baha gazanar bu hem sentýabryň ortasyndan bäri kompaniýanyň aňrybaş çaklamasy. Şol wagt ol birža 70 mlrd ýewrodan 75,1 mlrd ýewro çenli aralykda çykaryn öýdýärdi.

IPO netijesinde, kompaniýa dünýäde kapitalizasiýa boýunça iň iri ulag öndürijileriň bäşliginde çykýar. Şonda ol degişlilikde 886 mlrd ýewro we 232 mlrd ýewro bahaly Tesla-dan we Toyota-dan yza galyp, ýöne Mercedes-Benz-den öňde bolýar.

Porsche jemi 911 mln paýnama ýerlär: 455,5 mln ýeňillikli (dolandyrmaga hukuk bermeýärler) we 455,5 mln adaty. 114 mln eýýäm çykarylan kagyzlar bu IPO üçin bölünip berlen ýeňillikli paýnamalaryň umumy möçberiniň 25%-i.

Enelik kompaniýasy Porsche-ni IPO çykarmak baradaky meýilnamasyny baryp 2022-nji ýylyň fewralynda yglan edipdi: şeýdip ol Tesla bilen bäsleşmek üçin korporatiw gurluşy üýtgetmek isläpdi.

Ýene degişli makalalar

Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Xiaomi ilkinji elektrik ulagy bilen tanyşdyrdy
Porsche Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi
Porshe Ýewropanyň iň gymmat ulag kompaniýasy boldy
Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi
Apple elektrokarynyň üstünde işlemek üçin Audi-de, BMW-de, Porsche-de işlän inženeri işe aldy