Apple elektrokarynyň üstünde işlemek üçin Audi-de, BMW-de, Porsche-de işlän inženeri işe aldy

Apple elektrokarynyň üstünde işlemek üçin Audi-de, BMW-de, Porsche-de işlän inženeri işe aldy

Porsche kompaniýasynda ulaglaryň şassilerini işläp taýýarlamaklyga jogap berýän Manfred Harrer geçen ýylyň ahyrynda Apple kompaniýasyna geçdi. Business Insider neşiriniň habar bermegine görä, 48 ýaşly Harrer Volkswagen Group-yň iň gowy hünärmenleriniň biri hasaplanylýardy. Ondan öň, Harrer Audi-de, soňra BMW-de rul dolandyryşy boýunça iş alyp bardy. Soňra ol Porsche geçdi. Soňky birnäçe aýlap, ol Porsche Cayenne taslamasyny dolandyrypdy.

Harrer Volkswagen Group-da 13 ýyl işledi we kompaniýany geçen ýylyň ahyrynda terk etdi.Soňky maglumatlara görä, Apple doly derejeli elektrokar döretmek üçin Hyundai bilen hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär.

Analitikleriň çaklamagyna görä, Apple elektromobili üçin Hyundai E-GMP platformasyny peýdalanmak isleýär.Harrer Porsche-niň Apple kompaniýasyna geçen ýeke-täk işgäri däl. 2016-njy ýylda Kupertinodaky kompaniýa Porsche-niň ýaryş awtomobilleri maksatnamasynyň öňki tehniki direktory Aleksandr Hitsingeri hem özüne işe alypdy.

Şeýle hem okap bilersiňiz: Apple 2024-nji ýylda hususy awtoulaglaryny öndürip başlar

Ýene degişli makalalar

Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Atlantikada 4 müň sany gymmatbaha awtoulagly gämi ýanýar
Awtoýoly müşderilere täze ýokary hilli tekerleri hödürleýär
Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Porsche Red Bull-dan 50% paý alyp, Formula-1-e goşulýar
“Volkswagen” Demirgazyk Amerikada batareýa zawodyny gurar