Awtoýoly müşderilere täze ýokary hilli tekerleri hödürleýär

Awtoýoly müşderilere täze ýokary hilli tekerleri hödürleýär

Türkmenistanyň awtoulag bejeriş hyzmatlaryny hem-de ätiýaçlyk şaýlaryny müşderilere hödürleýän Awtoýoly awtoulag hyzmatlary dükany daşary ýurtlarda öndürilen ýokary hilli tekerleri alyjylaryň dykgatyna ýetirýär. Hankook, Michelin, Apollo hem-de Westlake ýaly dürli hili aýratynlyklary boýunça tapawutlanýan tekerleriň hili dükan tarapyndan kepillendirilýär.

Tekerler dürli kysymly ulaglara niýetlenen özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.Mysal üçin, Günorta Koreýada öndürilýän Hankook tekerleri iň ýumşak teker hasaplanyp, ony Mercedes, Audi, BMW, Porsche hem-de Volkswagen ýaly awtoulag kärhanalary öz ulaglary üçin önümçilikde peýdalanýarlar.

Michelin tekerleri bolsa tormoz ulgamy bilen baglanyşygy täsirli teker bolup, uzak möhlete kepillendirilýär hem-de olaryň ekologik arassalygy üpjün edişi ýokarydyr. Şol sanda, Apollo brendiniň tekeri hem Hindistanda öndürilip, ýurduň çäginde we Hytaýda ýörgünli ulanylýar.

Westlake haryt nyşanly tekerler bolsa Hytaýyň iň amatly hem-de ýurduň ýollary üçin kybap gelýän tekerler hasap edilýär.

Awtoýoly awtoulag hyzmatlary dükanynyň sürüjiler köpçüligine hödürleýän bu tekerleriniň esasy aýratynlygy — olaryň dünýäniň ýokary derejeli ýaryşlaryna gatnaşýan ulaglarda hem ulanylýanlygydyr.

Belläp geçsek, müşderiniň ulagyna, ony dolandyryş şertlerine we wagtyna, umuman ähli mümkinçiliklerini nazarda tutup, dükanyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan alyjynyň islegine laýyk gelýän tekerleri saýlap bermek hyzmaty-da dükan tarapyndan ýerine ýetirilýär.

Awtoýoly awtoulag hyzmatlary dükanynyň söwda we hyzmat ediş nokatlary:

Ýene degişli makalalar

Awtoýoly awtoulag sürüjilerine hyzmatlaryň we harytlaryň giň toplumyny hödürleýär
“Atyň aýagy batly bolsun, bili kuwwatly bolsun”. Türkmen prezidenti özüne sowgan berlen aty ogluna peşgeş berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentine Hankerwen atly bedewi gowşurdy