Ýeňijileriň birine BMW, ýene birine-de “Porsche” berildi

Tennis boýunça geçirilen 3 iri ýaryşda geçen ýylky çempionlar bu ýylda-da ýeňiş gazanmagy başardy.

Erkekleriň arasynda geçirilen 70-nji Barselona Açyk ýaryşynda ýer eýesi Karlos Alkarasa bu ýylam taý tapylmady. 19 ýaşyndaky tennisçi finalda gresiýaly Stefanos Sisipas bilen duşuşup, garşydaşyny 2 setde 6:3 we 6:4 hasaplar ýeňlişe sezewar etdi. Barselonadaky bassyr 2-nji, şu möwsümdäki 3-nji kubogyny gazanan Alkaras 9-njy gezek ATP ýaryşlarynda çempion bolmagy başardy.

Germaniýanyň Münhen şäherinde geçirilen 107-nji Halkara Bawariýa ýa-da has ýörgünli “BMW Açyk” bolan ýaryşda bu ýylam daniýaly Holger Rune ýeňiş gazandy.Ol finalda edil geçen ýylda bolşy ýaly, Niderlandlardan Botik wan de Zandshulp bilen duşuşdy. 1-nji setde Rune (6:4), 2-nji setde Wan de Zandshulp (6:1) ýeňiş gazandy.

Final setinde ýeňijni taý-brek kesgitläp, 7:6 öňe saýlanan Rune “BMW Açykda” bassyr 2-nji gezek çempion bolmagy başardy.Bu onuň karýerasyndaky 4-nji ATP kubogydyr.Umumy baýrak gaznasy 480 müň ýewrodan gowrak bolan ýaryşda çempiony bäsleşigiň baş hemaýatkäri BMW tarapyndan täze awtoulag hem sowgat berilýär.

Ýeňijisine awtoulag sowgat berýän başga bir ýaryş hem Germaniýada geçirilen zenanlaryň arasyndaky “Ştutgart Açyk” ýa-da “Porsche” tennis “Gran Pri” bäsleşigidir. 45-nji gezek geçirilen ýaryşda-da geçen ýylyň ýeňijisi polşaly Iga Şwentek çempionlygyny goramagy başardy. Şwentek finalda edil geçen ýyldaky ýene-de belarusly Aryna Sabalenka bilen duşuşyp, güýçli garşydaşyndan 6:3 we 6:4 hasaplar bilen üstün çykdy.

Umumy baýrak gaznasy 780 müň dollardan gowrak bolan ýaryşda ýeňijä “Porsche” kysymly ulag sowgat berildi. Ýeri gelende bellesek, Sabalenka bu ýaryşda bassyr 3 ýyldan bäri finalda utulyp gelýär.

Şu ýyl Bosniýa we Gersegowinada diňe erkekleriň arasynda ilkinji gezek geçirilen “Srpska Açyk” tennis ýaryşynda serbiýaly Duşan Laýowiç ýeňiş gazandy. 32 ýaşyndaky tennisçi 562 müň ýewrolyk baýrak gaznasy bolan ýaryşyň finalynda russiýaly Andreý Rublewden 6:3, 4:6 we 6:4 hasaplar bilen üstün çykyp, karýerasyndaky 2-nji kubogyny asmana göterdi.

Ýene degişli makalalar

Porsche Ýewropanyň iň gymmat awtoulag kompaniýasy diýlip yglan edildi
Apple awtoulag döretmek üçin Lamborghini-niň öňdebaryjy menejerini hakyna tutdy
Porshe Ýewropanyň iň gymmat ulag kompaniýasy boldy
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Volkswagen Porsche sportkarlaryny çykaryp başlar
Ýuwentus yzly-yzyna 10-njy, Bawariýa 9-njy çempionlygyna ymtylýar