BMW täze nesliň X1 krossowerini hödürledi

BMW täze nesliň X1 krossowerini hödürledi

BMW kompaniýasy üçünji nesliň X1 krossowerini hödürledi. Awtoulagy adaty içerki ýangyç hereketlendirijileri hem-de elektrikleşdirilen güýç gurluşy bilen satyn almak bolýar. Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, awtoulagyň iki görnüşi-de BMW-niň Regensburgdaky zawodynda öndüriler. Ýewropada awtomobiliň satuwy şu ýylyň oktýabr aýynda başlar. Onuň bahasy soňrak mälim ediler.

Üçünji nesliň X1 krossoweri öňki siluetini saklady, ýöne şinada dik kesikler bilen ulaldylan radiator gözenegine, täzelenen 3-Series stilinde täze optika we görnüşi üýtgedilen bamperlere eýe boldy. Şeýle-de, awtomobil panorama lýugyny, güberçek şekilli kapoty we diametri 17 dýuýmdan 20 dýuýma çenli bolan beýleki teker disklerini aldy.

Awtoulagyň uzynlygy 4500 mm, ini 1845 mm, beýikligi 1642 mm.Teker bazasynyň ölçegi 2692 mm deň.Daşky görnüşi boýunça “ýaşyl” X1 adaty krossowerden kuzowdaky aýratyn gök goşundylar bilen tapawutlanýar.

Ýene degişli makalalar

Köýtendag-Kerki gara ýolunyň ugrunda bolan ýol hadysasynda bir polisiýa işgäri öldi
Kiçi göwrümli ulagyny tanyşdyrar
Marynyň polisiýasy guratlyk barlagyndan geçmedik ulaglary awlaýar’
Ulaglary ada geçirmek, guratlyk barlagy gymmatlady, sebäbi düşündirilmedi
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasynyň 'elini giňetdi'