Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasynyň 'elini giňetdi'

Maryda ýagan ýagyş ýol polisiýasynyň 'elini giňetdi'

Maryda ýagan ýagyş şu gün polisiýa işgärleri üçin goşmaça gazanç etmek mümkinçiligini döretdi. Azatlygyň habarçysy irden ýagan ýagşyň köçelerde saklanan we jerime salnan awtoulaglary sanardan köpeldendigini’ habar berýär. Ýagyş diňe jerime salmak däl, hakykatda has kän para almak mümkinçiligini döretdi.

Ýöne sürüjiler soralýan paranyň möçberiniň sürüjiniň gürleşmek ukybyna baglydygyny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, 20 manatdan başlanýan paranyň, polisiýanyň tapan bahanasyna laýyklykda, 40, 50 manada hem ýetýän wagtlarynyň bolýandygy aýdylýar.

Bu çäre awtoulag eýelerinden edilýän arassaçylyk talaplary bilen bagly. Polisiýa sürüjileriň delillerini diňlemeýär we adamlarda döreýän soraglara resmi düşündiriş berilmeýär.

Köçelerde goýulmaly edilen wideo gözegçiliginiň bolmazlygy polisiýa işgärleriniň öz wezipelerini bikanun ulanmagyna giň ýol açýar’ diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

“Ýagyş irden ýagdy. Ýollar günortana çenli gurady. Emma polisiýa öýlän ýuwulmadyk maşynlara garşy reýd geçirdi, gaty kän adama jerime salyndy” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sürüji aýtdy.

Ýagyş ýagsa, Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň güni gelýär, olar gowy para alýarlar’ diýip, ýerli synçylar aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysy bilen biri-birinden bihabar ýagdaýda gürleşen sürüjiler bu ýagdaýy tassyk etdiler.

“Irden çykyp, öýden işe barýançam awtoulagymyň daşyna ýoldan syçran hapa palçyklar ýapyşdy. Men ulagymy iş ýerimde goýup, işden soň öýe gelýänçäm ýolda iki gezek polisiýa saklady” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi özüniň jerime ýazdyrman sypandygyny gürrüň berdi:

“Irden işe gitdim, işden hiç ýere sypynyp bilmedim. Awtoulagymy ýuwmaga ýa-da ýuwdurmaga wagtym bolmady. Ýagdaýyma düşüniň diýdim. Awtoulagym jerime salar ýaly hapa hem däl, döwlet belgisi görünýär, çyralarym arassa, tormuza bassam, yzdan gelýän sürüji gyzyl çyranyň ýananyny görýär, maşyn sähel palçyk bolany bilen, hökmän jerime ýazmaly diýen kanun ýokdur-a?’ diýdim.”

Sürüji polisiýa işgäriniň ýok, jerime ýazmasam bolanok, ýa-da 20 manat ber’ diýip gönüländigini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgäriniň ýanynda plastik kartdan töleg edilýän enjamy ýok eken we soralan puly nagt bermeli bolupdyr.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan sürüjiniň düşündirmegine görä, sürüjilik şahadatnamany aldyrmak 20 manat para bereniňden has gymmat düşýär, üstesine bir topar wagtyňy alýar, gara görgi bolýar’.

“Prawamy aldyrsam, soň wremenni prawa pul töläp, prawamy yzyna almak gara görgi, uzak gün egleýär. Men işden galsam bolanok. Şol sebäpden, jerime ýazdyrmajak bolup, iki gezek 20 manat para bermäge mejbur boldum” diýip, sürüji daşyna palçyk syçran maşyn üçin bir sagadyň dowamynda çeken iki jezasynyň hekaýasyny gürrüň berdi.

Polisiýa eden-etdiligine şaýat bolan sürüjiniň sözlerine görä, Döwlet ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hapa diýip boljak awtoulaglaryň birini hem gözden salmaýar we saklap, jerime ýazýar ýa-da para alýar.

Azatlygyň habarçylary we synçylar Türkmenistanda ýollaryň ýagdaýynyň gowy däldigini, käbir ýerlerde bolsa, ýagyn ýagsa, ýollaryň durşy bilen palçyga ýa-da läbige öwrülýändigini, ýagynsyz günlerde bolsa, tozap ýatandygyny aýdýarlar.

Azatlyk mundan öň Türkmenistanyň beýleki sebitlerinde hem polisiýa gözegçiliginde 'görünýän' nogsanlyklar barada habar berdi, emma häkimiýetler bu hili maglumatlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Marynyň ýol polisiýasy 'hapa ulaglary awlaýar'
Polis 'yrsgaly' para çözgüdine uýýan ýaşlary köpeldýär
Ýewropa gar ýagdy
Pakistanda Sil Apaty Sebäpli Ýogalanlaryň Sany Artdy
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Etrek, Sumbar derýalarynyň joşmagyna, Köpetdag sebitinde güýçli ýagyş ýagmagyna garaşylýar