Boks boýunça dünýä çempionaty: bu gün Ödäýew birinji, Nurmuhammedow ikinji gezek ringe çykar

Boks boýunça dünýä çempionaty: bu gün Ödäýew birinji, Nurmuhammedow ikinji gezek ringe çykar

Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynda bu gün ýene iki türkmen boksçysy ringe çykar. Has takygy, ýarymorta agram (63,5-67 kilogram) derejesinde çykyş edýän türkmenistanly türgen Saparmyrat Ödäýew ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda şwesiýaly Amin Adel Belalia bilen güýç synanyşar. Tutluşyk Aşgabat wagty bilen, takmynan, sagat 19:15-de başlanar.

Özüniň ilkinji söweşinde kongoly Stewe Mbiýa Kulengulukany ýeňen, birinji orta agramda ýaryşa gatnaşýan türkmen türgeni Baýramdurdy Nurmuhammedow bolsa bu gün ýaryşdaky ikinji tutluşygyny geçirer. Ol ýaryşyň 1/8 final tapgyrynda mawritaniýaly Merwen Kler bilen tutluşar. Tutluşyk Aşgabat wagty bilen, takmynan, sagat 20:30-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, Daşkentde geçirilýän boks boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklary Türkmenistanyň çäginde Матч Тв we Матч! Боец rus teleýaýlymlary arkaly ýaýlyma berilýär.

*Bellik: Öňdäki söweşleriň wagtyndan öň tamamlanmagy netijesinde tutluşyklaryň wagtynyň öňe süýşmegi mümkin.

Ýene degişli makalalar

Türkmen boksçylarynyň ikisi dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykdy
Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny sylaglamak dabarasy geçirildi, Serdar Berdimuhamedow patyşa Karl III-ä täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy, FlyDubai Dubaýdan Aşgabada uçuşlaryň sanyny artdyrdy we beýleki habarlar
Boks boýunça dünýä çempionaty: türkmen boksçylaryndan ilkinji nokaut
Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Hançjoudaky Aziýa oýunlaryna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanly boksçy Aziýa oýunlaryna ýeňiş bilen girişdi
Dünýä çempionatynda Türkmenistandan üç boksçy çykyş eder