Boliwiýanyň DIM-i ýurduň BRIKS-e goşulmagynyň üstünde işlemekçi

Boliwiýanyň täze daşary işler ministri Selinda Sosa şzüniň ilkinji çykyşynda ýurduň BRIKS-e girmegi ugrunda işlejekdigini aýtdy. Ol Global Günorta ýurtlarynyň arasyndaky maliýe integrasiýasynyň täze mehanizmlerini işjeňleşdirmegi ýene-de bir möhüm ugur diýip atlandyrdy.

Boliwiýanyň Prezidenti Luis Arse 27-nji noýabrda Selinda Sosany ýuduň täze daşary işler ministri wezipesine belledi. Öňki daşary işler ministri Rohelio Maita 15-nji noýabrda And jemgyýetiniň kazyýetiniň agzasy bolmak maksady bilen wezipesinden çekildi.

-Men daşary işler ministri hökmünde Boliwiýanyň BRIKS-iň doly agzasy bolmagyny üpjün etmek, şeýle hem Global Günorta ýurtlarynyň arasynda dollara garaşlylygy azaldýan maliýe integrasiýasynyň täze mehanizmlerini işjeňleşdirmek üçin işlemegi dowam etdireris diýdi.

Iýul aýynda Boliwiýanyň Prezidentiniň BRIKS-e öz ýurdunyň bu bileleşige girmek islegi barada resmi taýdan habar berendigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bilim ministrligine emeli aňly bilim taslamasy tanyşdyryldy
Studentleriň okuwdan boş wagtyny geçirişine, başy tahýaly bolmagyna gözegçilik edilýär
Rus Goşuny Hakynda Galp Maglumat Ýaýradanlaryň Emlägi Elinden Alynar
Aşgabadyň polisiýasy ýaşaýjylaryň satyn alan çöreklerini sanaýar
29-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
WTA ýyly jemledi: Swýontek bassyr ikinji gezek Ýylyň tennisçisi boldy