Borrell Eýrany HAEG Bilen Gyssagly Hyzmatdaşlyk Etmäge Çagyrdy

Borrell Eýrany HAEG Bilen Gyssagly Hyzmatdaşlyk Etmäge Çagyrdy

Žozep Borrell Twitter hasabyndan Eýranyň Daşary işler ministri Huseýn Emir Abdullahiýan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşligi hakynda habarnama berdi.

ÝB-niň Eýranyň pozisiýasy bilen bagly çemeleşmesini ýene-de bir gezek nygtandygyny mälim eden Borrell; “Adam hukuklarynyň kadalarynyň bozulmalaryny, Russiýanyň Ukraina söweşine goldawy we ÝB-niň raýatlaryny nähak tussag etmegi bes edin” diýdi.

Žozep Borrell, aýratynam Eýranyň Halkara atom energiýasy gullugy bilen gyssagly hyzmatdaşlyk etmelidigini nygtady.

Eýran noýabr aýynda Fordodaky ýadro desgasynda urany 60 göterim saplykda baýlaşdyrmaga başlapdy.

Ýene degişli makalalar

Liwanda kazy Nawaf Salam Premýer-ministr hökmünde bellendi
Hazarüsti turba geçirijisi barada maglumatnama
Daşary işler ministrligi Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň geljegi barada Türkmenistanyň garaýşyny mälim etdi
ÝB, ABŞ we NATO Howanyň Üýtgemeginiň Global Howpsuzlyga Ýetirýän Täsirlerine Garşy Bilelikde Göreşer
Kim, haçan oýlap tapdy?
UEFA “Sewilýa” Ligasy